Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça teklipleri makullady

09:53 18.03.2024 4624

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/10185/original-165f7d751358a3.jpg

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen-awstriýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça 15-nji martda geçirilen Hökümet mejlisinde öňe sürlen teklipleri makullady.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutanynyň garamagyna Türkmen-awstriýa işewürlik geňeşini döretmek, 2025-nji ýylda Türkmenistanda Awstriýa öýüni açmak, şu ýylyň iýun aýynda Wena şäherinde türkmen-awstriýa iş toparynyň 12-nji mejlisini geçirmek, dekabr aýynda bolsa awstriýaly işewürleriň Türkmenistana saparyny guramak, özara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny kesgitleýän degişli resminamany taýýarlamak bilen bagly teklipleri hödürledi.

Wise-premýer şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň Awstriýa Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Ýurdumyzyň wekiliýetiniň Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça Federal ministrliginiň Baş sekretary hem-de Awstriýanyň Federal Prezidentiniň edarasynyň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklarynyň barşynda hem döwletara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Mundan başga-da, saparyň çäklerinde Awstriýanyň Zähmet we ykdysadyýet Federal ministrliginiň hem-de Federal Ykdysady palatasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi. Olaryň dowamynda söwda-ykdysady, maliýe-bank, energetika, ulag-kommunikasiýa, senagat, gurluşyk ulgamlarynda, “ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmak, ätiýaçlandyryş işi, saglygy goraýyş we beýleki ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary işjeňleşdirmek, bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Saparyň çäklerinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň, Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň, Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi. Olaryň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Binýatlyk ylalaşyga gol çekildi. Şunuň bilen birlikde, türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň awstriýaly kärdeşleri bilen duşuşyklary geçirildi. Olarda saglygy goraýyş, söwda, senagat ulgamlarynda, işewür düzümleriň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meselelerine garaldy.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini kanagatlanma bilen belledi we saglygy goraýyş, bilim, medeniýet, şähergurluşyk, söwda-ykdysady ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

Döwlet Baştutany Wenada geçirilen gepleşikleriň ýakyn geljekde köpugurly türkmen-awstriýa gatnaşyklaryny has-da berkitmäge ýardam berjekdigini belläp, hödürlenen teklipleri makullady we wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurda işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Başga makalalar
1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


165042ccb01d4c.jpg
Ýaşlara nusgalyk ýörelge

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.


16712171747b2d.jpg
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler

Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.