Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy BMG-niň Owganystan boýunça ýörite wekili owganara gepleşikleriniň gidişini maslahatlaşdylar
16:17 04.11.2020 6746
Sişenbe güni wise-premýer, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili, BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň (UNAMA) başlygy Debora Laýons bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi, diýip ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Taraplar bu Missiýanyň döredilen senesinden bäri Türkmenistanyň we BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejä eýe bolup durýandygyny belläp geçdiler. Owganystanda howpsuzlygyň, durnuklylygyň hem-de durmuş-ykdysady ösüşiň üpjün edilmegi ugrunda sebitleýin özara hereketleriň oňyn netijeleri we onuň güýçlendirilýändigi nygtaldy.
Söhbetdeşler Türkmenistanyň Hökümetiniň TOPH gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçiriji we optiki süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygynyň ilerledilmegi, demirýol gatnawlarynyň ýygjamlaşdyrylmagy boýunça durmuşa geçirýän möhüm hereketlerini bellediler. Çünki bu ädimler tutuş ýewraziýa giňişliginde dünýä-hojalyk gatnaşyklaryna oňyn täsir etmäge gönükdirilendir.
Owganara gepleşikleriniň ilerledilmegine aýratyn seredildi. Taraplar Owganystanda parahatçylygyň dikeldilmegi babatynda bu prosesiň oňyn dowam etjekdigine ynam bildirdiler. Gepleşikler şu ýylyň sentýabr aýynda Doha şäherinde başlandy. R.Meredow türkmen tarapynyň gepleşikleriň indiki tapgyrlarynyň geçirilmegi üçin syýasy giňişligini bermäge taýýarlygyny tassyklady.
Taraplar içeri hem-de daşary integrasiýa prosesinde Owganystana ýardam bermegiň derwaýyslygyny belläp geçdiler. Şu nukdaýnazardan, durmuş, ykdysady, ulag we kommunikasiýa infrastrukturalaryň ösdürilmeginiň zerurlygy nygtaldy.
Taraplar dünýä ýurtlarynyň we halklarynyň arasynda ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagynyň zerur barada gürrüň etdiler. Şu nukdaýnazardan, ýakyn geljek, hususan-da Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň derejesinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda mümkingadar bilelikdäki başlangyçlar dogrusynda pikirleri alyşdylar.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy
Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.
Gurbangeldi Aýmämedow – «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi
19-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow wezipesine girişdi. Täze saýlanylan döwlet Baştutanynyň wezipesine girişmek dabarasyna ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň birnäçesi bu taryhy wakanyň özlerinde galdyran täsiri barada okyjylarymyza gürrüň berdiler.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.