Türkmenistanyň wekiliýeti «Таlyban» hereketiniň wekilleri bilen netijeli gepleşikleri geçirdi - DIM
16:18 04.11.2020 8224
Katar döwletiniň Doha şäherinde bolýan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet parahatçylykly owganara gepleşiklerine gatnaşyjylar bilen duşuşyklary geçirdi, diýip Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Gepleşikleriň barşynda wekiliýetiň düzümine girýän «Таlyban» hereketiniň wekilleri bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy Türkmenistanyň Owganystanda parahatçylygy dikeltmek boýunça owganara gepleşiklerini goldaýandygy beýan edildi we şol bir wagtda diplomatiki hem-de syýasy gurallaryň netijeliligine aýratyn ynam bildirmek bilen, ozal öňe sürlen başlangyçlaryň çäklerinde gepleşikleriň prosesine ýardam bermäge hem taýýardyr.
Türkmen tarapy Owganystanda parahatçylygyň, durnuklylygyň we durmuş-ykdysady ösüşiň ilerledilmegi ugrunda sebit hem-de halkara düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.
При этом отмечено, что туркменская сторона активно сотрудничает с региональными и международными структурами для продвижения мира, стабильности и социально-экономического роста в Афганистане.
Owganystanyň hemmetaraplaýyn ösüşi üçin energetikanyň, ulagyň, tebigy serişdeleriň, aragatnaşygyň we kommunikasiýalaryň aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygyna doly düşünmek bilen Türkmenistan iki goňşy ýurduň we Günorta Aziýa döwletleriniň gatnaşmagynda halkara iri infrastruktura taslamalarynyň ençemesiniň ilerledilmegi ugrunda işjeň hereketleri durmuşa geçirýär.
Ilkinji nobatda TOPH gaz geçirijisiniň, Türkmenistan–Owganystan–Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygy, şol sanda Türkmenistandan Owganystana demirýollarynyň gurulmagy barada gürrüň edilýär.
Taraplar Owganystanyň hem-de onuň halkynyň abadançylygyna gönükdirilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine ynam bildirdiler.
Duşuşyk açyk hem-de işjeň ýagdaýda geçirildi, diýip Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy
Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.
Gurbangeldi Aýmämedow – «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi
19-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow wezipesine girişdi. Täze saýlanylan döwlet Baştutanynyň wezipesine girişmek dabarasyna ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň birnäçesi bu taryhy wakanyň özlerinde galdyran täsiri barada okyjylarymyza gürrüň berdiler.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.