Türkmenistanda AI-100 benzininiň önümçiligini ýola goýmak mümkin — bilermen
11:31 05.11.2020 8582
Seýdiniň NGIZ-de AI-100 innowasion awtomobil benzininiň önümçiliginiň ýola goýmak mümkinçiligi barada tehniki ylymlarynyň doktory Allaberdi Ylýasow belledi, diýip CentralAsia.news habar berýär.
Onuň pikirine görä, benziniň bu görnüşiniň öndürilip başlanmagy ýerli nebiti gaýtadan işleýän senagatyň tehnologik derejesiniň hil taýdan ösüşini düýpli özgerder.
Markalardaky san indeksleri ýangyjyň oktanly sanlaryny, ýagny silindrlerde ýangyç-how garyndysynyň gysylmagynda onuň detanasion durnuklylygyny aňladýar. Benziniň oktan belgisi näçe ýokary bolsa, silindrlerdäki ýangyç-howa garyndysy detonasiýa bolmakdan howatyrlanman, şonça-da gysylyp bilýär. Ýokary oktanly ýangyç silindrleriň uly bolmadyk göwrümlerinde uly kuwwatlylygy we ýangyjyň deňagramly sarp edilmegini üpjün etmäge ukyply forsirlenen hereketlendirijileri döretmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa, häzirki zaman ykdysady we ekologik talaplara laýyk gelýär.
Ýokary oktanly AI-100 benzininiň özboluşly düzümi döwrebap ýokary forsirlenen hereketlendirijileriň mümkinçiliklerini doly derejede açyp görkezmäge we olaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.
AI-100 ýangyjyň komponent düzümi AI-95 benzini bilen deňeşdirilende düýpli tapawutlanýar. Ýangyç düzüminde göni sepleýji hereketlendirijiniň iş prosesinde ýangyç ulgamyň işiniň arassalygyny üpjün edýän özboluşly köpugurly ýuwulýan prisadkany hem-de galyndylaryň emele gelmeginiň öňüni alýan ýokary hilli komponentleriň ýokarlandyrylan mukdaryny saklaýar.
Daşary ýurt kompaniýalarynyň hünärmenleriniň bahalandyrmagyna görä, hereketlendiriji 100 sagat işländen soň — bu bolsa 6000 km geçen ýola barabar — AI-100 ýangyjynyň peýdalanylmagy forsunkalaryň kokslanmagynyň öňüni almaga mümkinçilik berýär we benziniň sepilme wagtyny gysgaldýar. Netijede, benziniň has netijeli we doly ýanmasy üpjün edilýär, hereketlendirijiniň ulanyş möhleti we onuň tygşytlylygy edil täze awtomobildäki ýaly ilkibaşdaky derejesinde saklanyp galýar.
AI-95 bilen deňeşdirilende AI-100 ýangyjy işlenip düzülende komponent düzümi düýpli üýtgedildi: aromatiki uglewodorodlaryň düzümi peseldildi, galyndylaryň emele gelmegine pes ýykgyn edýän ýokary hilli komponentleriň goşulmagy ýokarlandyryldy. Onuň ulanylmagy ýangyjyň tygşytlylygyny hem-de bir ýangyç bagynda goşmaça kilometrleri, şol sanda ýangyjyň ýanmagynyň has ýokary tizligi mynasybetli awtomobiliň dinamikasynyň gowulanmagyny üpjün edýär.
Täze önüm döwlet hem halkara ülňülerine laýyk geler.
Täze önümiň öndürilmegi Türkmenistanyň nebiti gaýtadan işleýän kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça iri möçberli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde mümkin bolýar. Hasaplamalaryň görkezmegine görä, SNGIZ-de täze görnüşli benziniň alynmagy shema gidroizomerizasiýanyň goşulmagy netijesinde mümkindir.
Gidrogenizasion hadysalar ulanyş çykdajylary babatda degişlilikde arzandyr.
Desgalar abatlanylanda döwrebap çözgütleriň ulanylmagy ulanyşda energiýa sarp edilişini düýpli peseltmäge, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Tehniki taslamada hödürlenilen tehniki çözgütleriň hem-de çäreleriň toplumy desganyň ulanylyşynyň ygtybarlylygyny, netijeliligini, howpsuzlygyny, şeýle hem daşky gurşawyň goraglylygyny üpjün eder.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy
Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.
Gurbangeldi Aýmämedow – «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi
19-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow wezipesine girişdi. Täze saýlanylan döwlet Baştutanynyň wezipesine girişmek dabarasyna ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň birnäçesi bu taryhy wakanyň özlerinde galdyran täsiri barada okyjylarymyza gürrüň berdiler.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.