Nebitgaz toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy «Awazada» okuw maslahatyny geçirdi
05:28 29.02.2024 5954
Şeýle at bilen Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi, «Türkmennebit» DK-nyň Kärdeşler arkalaşygynyň komiteti, TKA-nyň Balkan welaýat birleşmesi tarapyndan okuw maslahaty geçirildi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Gämi» myhmanhanasynda guramaçylykly geçirilen okuw maslahatyna «Türkmennebit» döwlet konsernine degişli edara-kärhanalaryň KA-nyň ilkinji guramalarynyň başlyklary, gaznaçylary, derňew toparynyň agzalary, zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň inženerleri, TKA-nyň Balkan welaýat birleşmesiniň hukukçylary, tehniki gözegçileri, derňewçileri gatnaşdylar.
Birnäçe gün dowam eden okuw maslahatynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar KA-nyň hukuklary, borçlary, wezipeleri hakynda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň iş meýilnamasy, zähmet gatnaşyklary, işgärleriň, hünärmenleriň zähmetiniň goragyna bolan hukuklary, Türkmenistanyň Zähmet kodeksine girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar, ýurdumyzyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda, zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek babatda iş beriji bilen işgärleriň borçlary, hukuklary barada çykyşlara giň orun berildi. Çärä gatnaşyjylar ilkinji guramalarda maliýe serişdeleriniň talabalaýyk harçlanylyşy,
«Türkmennebit» DK-nyň düzümlerinde zähmeti goramak, tehniki howpsuzlyk düzgünleriniň önümçilikde ornaşdyrylyşy, edara-kärhanalarda köpçülikleýin şertnamalary baglaşmagyň tertibi, olaryň ýerine ýetirilişi, önümçiliklerde amatly iş şertleriniň döredilişi, bu işlerde jemgyýetçilik gözegçiliginiň ýola goýluşy we beýleki birnäçe ugurlar barada özara pikir, sorag-jogap alyşdylar, söhbetdeşlikleri guradylar.
Okuw maslahatynyň dowamynda sport, medeni çäreler, duşuşyklar geçirildi, gezelençler guraldy.
* * *
Şunuň ýaly okuw maslahaty «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Türkmen geologiýa gözleg ekspedisiýasynda hem geçirildi. Oňa korporasiýanyň önümçilik düzümleriniň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ösdürilişi, edara-kärhanalarda iş şertleriniň gowulandyrylyşy, döredilýän amatlyklaryň önümçiligiň depginine netijeli täsiri, zähmet köpçüliginiň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlandyrylyşy hakynda çykyşlar boldy, KA-nyň işini kämilleşdirmek, önümçilik meseleleri, öňde duran wezipeler dogrusynda teklipler diňlenildi we ara alnyp maslahatlaşyldy.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.