Okuw bilen önümçilik utgaşýar

Okuw bilen önümçilik utgaşýar

Daşoguz şäherinde ýerleşýän welaýat häkimliginiň garamagyndaky 2-nji başlangyç hünär okuw mekdebinde häzirki döwürde halk hojalygynyň dürli pudaklaryna zerur bolan hünär ugurlary bilen bir hatarda, geodeziýaçy, nebitgaz ýygnaýjy we akdyrmaga taýýarlaýjy operator hünärleri boýunça hem talyp ýaşlara döwrebap bilim berilýär.

Bu bilim ojagynda döwrüň ösen kompýuter enjamlaryndan ýerlikli peýdalanyp, tejribeli mugallymlardan hünär öwrenýän talyp ýaşlar mekdepde öwrenilen nazary, usuly we amaly bilimleri has-da kämilleşdirmek hem-de ylym bilen önümçilik gatnaşyklaryny berkitmek maksadynda Daşoguz nebit kärhanasy, «Daşoguzgazakdyryş», «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirlikleri we Daşoguz gidrogeologiýa ekspedisiýasy ýaly welaýatyň pudaklaýyn edaralarynda önümçilik okuwlaryny hem utgaşykly alyp barýarlar. Munuň özi geljekde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda we geodeziýaçy bolup işlemegi maksat edinýän talyp ýaşlaryň öndürilýän «mawy ýangyjyň» we «gara altynyň» gorlaryny tapmagyň, düzümini seljermegiň, gaplamagyň, ýerlemegiň, tygşytly ulanmagyň hem-de ony gaýtadan işlemegiň ýollaryny has-da içgin öwrenmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Exclusive Subscriber Only Content

In order to read the article

Subscribe
Nebitgaz №34
Download full version in PDF
Print version

In this week's issue

No. 34

August 25, 2026

Download full version in PDF

Price: 1 TMT

+993