Türkmenistanyň DIM-inde Eýranyň täze bellenen ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy

11:19 07.11.2023 4147

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/9141/original-16549ee0673ab2.jpg

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani bilen geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

«Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we geljekki mümkinçiliklerine seredilip geçildi. Dünýä we sebit syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy» diýlip, DIM-niň habarynda aýdylýar.

Döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak nukdaýnazaryndan ministr Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň iýun aýynda hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň maý aýynda Eýrana amala aşyran saparlarynyň ähmiýetini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, bu saparlaryň dowamynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň zerurlygy barada umumy pikir beýan edildi.

Diplomatlar söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilmegini we pugtalandyrylmagyny bellediler we bu ugurda ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdylar. Ýangyç-energetika toplumy, ulag we logistika, himiýa pudagy, senagat, oba hojalygy, ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi.

Söhbetdeşler medeni-ynsanperwer ugry boýunça netijeli özara gatnaşyklara ünsi çekdiler.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ali Mojtaba Ruzbehaniden ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi we jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň diplomatik işini ýerine ýetirmekde doly goldaw we ýardam bermäge taýýardygyny belledi.

Başga makalalar
161c96b7e8e581.jpeg
«Nebitgazçykaryş»: 11 aýda 503 sany guýy abatlanyldy

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatynyň «Nebitgazçykaryş» müdirliginiň işgärleri 2021-nji ýylyň başyndan bäri ýokary zähmet üstünliklerini gazandylar. Kärhana ýanwar-noýabr aýlarynda 503 sany guýyny abatlap, ulanyşa girizdi.


1650968b05727d.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


166cec65878b37.jpg
Türkmenistanyň wekiliýeti Tatarystanda Nebitgazhimiýa forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekilleri RF-niň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazanda gurnalan Türkmen-Tatar Bilelikdäki iş toparynyň mejlisine we Nebitgazhimiýa forumyna gatnaşdy diýip, THP habar berýär.


1637db36cca419.jpeg
Suwuklandyrylan gaz, awiakerosin we dizel ýangyjy TDHÇMB-niň walýuta geleşikleriniň esasyny düzdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy.


161c96b2237a43.jpeg
Türkmenistanyň biržasynda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 90 million dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 68-si hasaba alyndy.