Dünýäde nebite bolan isleg 2028-nji ýyla çenli artar — HEA
17:12 14.06.2023 6387
Halkara energetika agentligi (HEA) iýun hasabatynda dünýäde nebite bolan islegiň 2028-nji ýylda günde 105,7 mln barrele ýetjekdigini çaklaýar. Bu görkeziji 2022-nji ýyldakydan günde 5,9 mln barrel artykdyr.
Şol bir wagtda agentligiň bellemegine görä, «bar bolan syýasy ýagdaýlardan ugur alyp» çaklanylýan döwürde dünýäde nebite bolan islegiň ösüşiniň energetika geçişiniň ilerlejek derejesi boýunça haýallar.
Nebite bolan islegiň ýokary derejesiniň golaýlaýandygyna garamazdan, nebithimiýa çig malynyň möçberiniň we awiadaşamalaryň artmagy umumy sarp edilişiň çaklanylýan döwürde artjakdygyny aňladýar.
Türkmenistanda Metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça pudagara topary döredildi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça pudagara topary döretmek hakynda karara gol çekdi. Bu resminama döwlet Baştutany geçen anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda dizel ýangyjy, ECO-93 benzini we suwuklandyrylan gaz ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 52-si hasaba alyndy.
Iş topary Türkmenistanyň daşary söwda düzgüni barada Ähtnama taýýarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň daşary söwda düzgüni barada Ähtnamany işläp düzmek boýunça iş topary döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy.
Türkmenistan we Gruziýa energetika we ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrýar
5-6-njy iýunda Tbiliside geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň dördünji mejlisinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk bellenildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Hökümet mejlisinde Hazardaky känleri özleşdirmekde maýa goýumlaryny çekmek meseleleri maslahatlaşyldy
Hazar deňziniň türkmen böleginiň ygtyýarlandyrylan toplumlaryny özleşdirmek maksady bilen “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan daşary ýurt maýa goýumlaryny we kompaniýalaryny çekmek boýunça degişli işler geçirilýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.