Bahar paslynyň gelmegi bilen, toýlaryň toýa ulaşmagy «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Daşoguzşähergaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylaryny hem ösüşleriň täze belentliklerine ruhlandyrýar. Munuň şeýledigine olaryň Daşoguz şäheriniň ilatyny we edara-kärhanalaryny tebigy gaz bilen üpjün etmekde şu günler gazanýan guwandyryjy zähmet netijeleri hem doly güwä geçýär.
Edaranyň zähmetsöýer işgärleri tarapyndan ýanwar-fewral aýlarynda welaýat merkeziniň gazçylarynyň birleşen tagallalary netijesinde Daşoguz şäheriniň çäginde bar bolan 600 kilometre golaý uzynlykdaky dürli basyşly bitewi gaz ulgamlarynyň, gaz paýlaýjy we sazlaýjy enjamlarynyň bolsa 450-den gowragynyň gije-gündiziň dowamynda saz işlemegi gazanylyp, göz öňünde tutulan iki aýlyk iş meýilnamasy talabalaýyk berjaý edilipdir. Edaranyň hünärmenleri näsazlygy habar beriş we hasaba alyş, daşary gaz geçirijilere we gaz sazlaýjylaryna gözegçilik, içeri öý gaz enjamlaryny bejeriş, gaz ölçeýji enjamlary oturdýan we hasabyny ýöredýän gözegçilik hem-de hyzmat ediş, gaz ýerleşdiriş we hasabaty ýaly gulluklaryň sazlaşykly hereket edýändigini gürrüň berýärler. Bu gulluklaryň zähmetsöýer işçi-hünärmenleriniň agzybirlikde zähmet çekmeginde hem-de öz öňlerinde goýlan wezipe-borçlaryny häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda ýokary derejede berjaý etmegi netijesinde, welaýat merkeziniň ilaty we edara-kärhanalary ýylyň islendik möwsüminde gymmatly «mawy ýangyç» bilen ýokary derejede üpjün edilýär. Bu ýerde şäheriň ýaşaýjylaryndan we edara-kärhanalaryndan gelýän sargytlaryň gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz işleýän näsazlygy habar beriş we hasaba alyş gullugynyň sargytlary kabul edijileriniň gyssagly hasaba alyp, tebigy gaz bilen baglanyşykly ýüze çykan näsazlyklaryň gullugyň slesar-bejerijileri Şöhrat Kultaýew, Genje Dosjanow we Allaberdi Meretdurdyýew dagy tarapyndan dessin çözgütler esasynda düzedilýändigini edaranyň baş inženeri Mekan Mämmedow gürrüň berýär.