Bu gezek Derkara ýene bir jogapkärli wezipeleriň birini teklip etdiler. Eýelenmeli wezipe kiçi-girim däldi, garamaty uludy. Ynanylýan wezipäni abraý bilen ýerine ýetirmek bolsa çuňňur bilimi, ýokary başarnygy, uly iş tejribäni talap edýärdi. Derkar şeýle teklibiň duş gelen adama aýdylmaýandygyna-da düşünýärdi. Şonda ol: «Ýolbaşçylar maňa şeýle möhüm wezipäni ýerine ýetirmegi teklip edýän bolsalar, diýmek, olaryň maňa ynamy uludyr.
Edilen ynamy ödemek üçin bolsa has yhlasly zähmet çekmeli bolaryn» diýip, gutarnykly netijä gelipdi. Şeýdip, Derkar Bekdurdyýew «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynda baş tehnolog bolup zähmet çekip başlady. Bu waka 2020-nji ýylyň mart aýynda bolup geçipdi.