Ylmyň we öňdebaryjy tejribeleriň iň soňky gazananlaryny önümçilige içgin ornaşdyrmak milli ykdysadyýetimiziň ýangyç-energetika toplumynda hem öz mynasyp çözgüdini tapýar. Geçen ýylyň başynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Galkynyşnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň garamagyndaky Gündogar Çeleken meýdançasynda gazylan 707-nji belgili baha beriji guýudan bol nebit akymynyň alynmagy hem munuň aýdyň mysalydyr.
Ol adaty guýulardan sütünleri ýapgytlaýyn ugrukdyrylan usulda gazylandygy bilen tapawutlanýar. Munuň özi Çeleken ýarym adasynda mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde gürrüňi edilýän usulda burawlanan ilkinji guýudyr. Sakasy gury ýerde ýerleşdirilip, Hazar deňziniň suw ýalpaklygyndaky böleginiň çäklerinde sütünleri ýapgytlaýyn ugrukdyrylyp gazylan bu guýudan häzir her gije-gündizde alynýan nebit çig malynyň möçberi 12 tonna barabardyr. Deňziň suw ýalpaklygyndaky böleginde buraw işlerini täzeden ýaýbaňlandyrmak üçin «Türkmennebit» döwlet konserniniň degişli düzümleriniň hünärmenleriniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň alymlary bilen bilelikde işläp taýýarlan taslamasy esasynda başlanan bu iş soňra şu baýlyklar käninde burawlanan 712-nji belgili guýuda hem öz oňyn netijesini berdi. Umumy taslama çuňlugy 2 müň 650 metr bolan bu guýudan häzirki wagtda her gije-gündizde alynýan nebitiň möçberi 10 — 12 tonna ýetýär. Burawlaýşyň bu usuly diňe bir ykdysady taýdan bähbitli bolmak bilen hem çäklenmän, ol tehniki taýdan howpsuzlygy, şonuň ýaly-da, ekologiýa babatda arassalygy bilen hem tapawutlanýar. Çünki buraw desgasynyň esasy sütüni deňziň kenaryndan 450 — 475 metre barabar daşlykda ýerleşdirilip, bellenilen çäkden soň deňziň suw ýalpaklygyna tarap ugrukdyrylýar. Taslama çuňlukdaky nebit alnyp gutarylandan soňra, ondan ýokarda galan gatlaklardaky çig maly almak mümkinçiligi burawlaýşyň dolanyşyga ornaşdyrylýan bu täzeçil usulynyň ýene bir aýratynlygydyr. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» taslamada göz öňünde tutulyp, şu müdirligiň iş alyp barýan meýdançalarynda gazylmaly iki guýynyň biri hem ýapgytlaýyn usulda burawlanylar.