Mişustin: türkmen-russiýa haryt dolanyşygynyň möçberi 1 mlrd dollar töweregi, mümkinçilik – has ýokary
19:34 20.01.2023 3813
Häzirki wagtda türkmen-russiýa haryt dolanyşygynyň möçberi bir milliard amerikan dollaryna ýetdi, mümkinçilik has ýokary. Bu barada RF-niň premýer-ministri Mihail Mişustin penşenbe güni Aşgabatda geçirilýän türkmen-russiýa işewürler geňeşinde eden çykyşynda belledi diýip, ORIENT agentligi habar berýär.
Hususan-da, Mişustin häzirki wagtda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberiniň bir milliard amerikan dollaryna ýetendigini kanagatlanma bilen belledi. Myhman ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, özara kooperasiýany giňeltmäge taýýarlygy hem-de bilelikdäki işleriň depginini ýokarlandyrmaga gyzyklanmany tassyklady.
Mişustiniň şeýle hem belleýşi ýaly, bu Türkmenistan bilen RF-niň gatnaşyklarynyň taryhynda ilkinji şu möçberli iri möçberli forum. Rus tarapyndan çärä işewür toparlaryň we guramalaryň 300-den gowrak wekili gatnaşýar.
Premýeriň aýtmagyna görä, häzir diňe uly çagyryşlaryň wagty däl-de, eýsem, täze mümkinçilikleriň hem wagty. Bellenilişi ýaly, türkmen telekeçileri öz öndürýän ýokary hilli hem-de bäsdeşlige ukyply önümleri bilen Russiýadan çykyp giden daşary ýurt kompaniýalaryndan soňra boşan käbir boşluklary eýeläp bilerler. Hususan-da, haryt akymlaryny giňeltmek, bilelikdäki önümçilikleri döretmek, häzirki zaman senagat, energetika, ulag desgalarynyň gurluşygy ýaly ugurlarda mümkinçilikleriň açylýandygy barada aýdyldy.
Şunuň bilen baglylykda, Russiýanyň önüm öndürijileriniň Ýewropa ugrunda işewürlik üçin päsgelçilikleriň ýüze çykandygy sebäpli, dostlukly ýurtlarda özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmegi ugur edinýändikleri, Türkmenistanyň hem şol ýurtlara degişlidigi nygtaldy.
RF-niň Hökümetiniň Başlygy sebitleýin goşulyşmak görnüşindäki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada aýtdy. Türkmenistanyň goşulyşmak işlerine gatnaşmagynyň ýurduň ykdysadyýetine oňyn täsir etjekdigi hem-de Hazarýaka “bäşligine” girýän ähli ýurtlar üçin peýdaly boljakdygy, köp sanly taslamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilik berjekdigi bellenildi.
Aşgabatda halkara söwda we hil üpjünçiligi boýunça sergi hem-de maslahat geçiriler
29-njy aprel — 1-nji maý aralygynda Söwda-senagat edarasynda «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarkany hem-de «Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahaty geçiriler.
Arkadag şäherinde YHG-nyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy geçiriler
Şu ýylyň aprel aýynda Arkadag şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy geçiriler.
Türkmenistanyň we HHR-niň Liderleri Hytaýa täze gaz geçirijiniň gurluşygy barada ylalaşdylar
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde şenbe güni Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň biržasynda 52 million dollarlyk mazut we ECO-93 benzini satyldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.
HNGU-da ylmy forumyň öňüsyrasynda çäreler geçirildi
14-nji iýunda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Energetiki nukdaýnazarlar we uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň täze tehnologiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň öňüsyrasynda iki sany deslapky çäreler geçirildi.