Türkmenistan HHR tarapyndan gaz taslamalaryny durmuşa geçirmäge bölünip berlen karzlaryny doly gaýtardy

09:42 15.06.2021 7286

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/2377/original-160c6ef77a9496.jpeg

Türkmenistan gaz taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin Hytaýdan çekilen karz serişdelerini dolulygyna gaýtaryp berdi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow geçen anna güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa habar berdi.

Häzirki wagtda bu bergiler doly gaýtaryldy. Bu barada Hytaýyň Döwlet ösüş bankynyň Sinzýan şahamçasy tarapyndan 2021-nji ýylyň 8-nji iýunynda resmi habar berildi diýip, wise-premýer aýtdy.

Karz serişdeleri türkmen gazynyň dünýä bazarlaryna iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmaga hem-de gaz pudagynyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga — Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisini gurmaga we dünýädäki iň iri “Galkynyş” gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmäge gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmek üçin “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan çekildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň iri ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolan Hytaý Halk Respublikasy bilen gatnaşyklara ýokary baha berip, döwletimiziň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtady. Şol gatnaşyklar strategik häsiýete eýe bolmak bilen, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak hem-de birek-biregiň bähbitlerini berjaý etmek ýörelgelerine esaslanýar.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň daşary ýurt karz serişdelerini öz wagtynda we doly möçberde gaýtarandygyny belledi. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatly we gurply, öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarly hem-de jogapkärli çemeleşýän döwletdigini görkezýär. Bu bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da artdyrýar.

Türkmen Lideri wise-premýere gaz ulgamynda bar bolan döwletara ylalaşyklary durmuşa geçirmäge, täze özara bähbitli bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga degişli birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi 2009-njy ýylyň dekabrynda ulanyşa girizildi. Şol wagtda şu ýylyň maý aýyna çenli gaz geçiriji boýunça Hytaýa 300 mlrd kub metr türkmen gazy iberildi. Bu günki gün Türkmenistan Hytaýa turba geçiriji gazyny iberýän iň iri döwlet bolup durýar.

Başga makalalar
167ea46df63a9a.jpg
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Türkiýäniň Prezidenti ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

30-njy martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi diýip, TDH habar berýär.


167eb82fb3ca39.jpg
Türkmenistanyň we Eýranyň Prezidentleri telefon arkaly söhbetdeşlikde köpugurly hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

Duşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi diýip, TDH habar berýär.


167eb83222c895.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we Pakistanyň Premýer-ministri telefon arkaly söhbetdeşlikde energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

31-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarifiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi diýip, TDH habar berýär.


16315c2ecd2e59.jpeg
«Demirgazyk akymy» bilen bagly ýagdaý zerarly Ýewropada gaz 30% gymmatlady

«Demirgazyk akymy» gaz geçirijisiniň togtamagynyň dowam etmegi netijesinde Ýewropada gazyň spot bahasy 30%-e golaý ýokarlanyp, müň kub metrine 2900 dollara ýetdi diýip, Interfaks habar berýär.


167eb835a06e6b.jpg
Birža söwdalarynda daşary ýurtly we ýerli işewürler ýangyç-energetika toplumynyň önümlerini satyn aldylar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy.