Daşoguz welaýatynyň gaz üpjünçilik torlaryna ýokary derejede ideg edilýär
09:03 14.06.2021 7146
«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň gaz hojalyk edarasynyň işgärleri welaýatyň gaz üpjünçilik we gaz paýlaýjy torlaryna ýokary derejede ideg edýärler. Kärhanada ýöriteleşdirilen işleriň ähli görnüşlerini geçirmäge mümkinçilik berýän önümçilik binýady döredildi. Onuň hünärmenleri dürli basyşly 1210 km gaz torlaryna, şeýle hem 513 sany gaz paýlaýjy we gaz sazlaýjy enjamlara ideg edýärler.
Belläp geçsek, welaýatyň çäklerinde ideg edilýän gaz torlarynyň uzynlygy barha artýar, şeýle hem gaz bilen üpjün edilen öýleriň we kärhanlaryň sany barha ýokarlanýar.
«Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Daşoguz welaýatynyň gazlaşdyrmak boýunça gurluşyk-gurnama müdirligi täze ilatly nokatlaryň gaz geçirijilerine we gaz ulanyjy enjamlaryna üstünlikli ideg işlerini geçirýärler.
Netijede, Gurbansoltan eje şäherinde tebigy gazyň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak maksady bilen 219 mm diametrli gaz geçirijisiniň düýpli abatlaýyş işleri geçirildi. Hakykat geňeşliginde şular ýaly işler 57 mm diametrli pes basyşly gaz geçirijide ýerine ýetirildi.
Suwuklandyrylan gaz we polietilen — TDHÇMB-niň birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy.
Aşgabatda YHG-nyň agza döwletleriniň Baştutanlarynyň 15-nji sammiti geçirildi
Geçen ýekşenbe güni, 28-nji noýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Aşgabatda YHG-nyň agza-döwletleriniň ýolbaşçylarynyň 15-nji Sammiti geçirildi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurtlara «Türkmennebit» DK-nyň önümleri ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.
Türkmenistanda nebit guýularynyň sany artýar
"Türkmennebit" döwlet konserniniň "Nebitgazburawlaýyş" trestiniň burawçylary “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişine uly goşant goşýarlar. Häzirki wagtda Balkan welaýatyndaky känlerde geologiýa-gözleg we buraw işleri alnyp barylýar.
TIF 2024 maýa goýum forumynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk hakynda 18 sany resminama gol çekildi
10-11-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen TIF 2024 maýa goýum forumynyň işiniň netijeleri boýunça türkmen döwlet, hususy kärhanalary hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda 18 sany ylalaşyklara we hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamalara gol çekildi. Bu barada News Central Asia (nCa) elektron neşiri habar berýär.