Russiýa Türkmenistan bilen ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär — M.Mişustin
17:38 05.05.2021 11886
Russiýa Türkmenistan bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk, hyzmatdaşlyk, özara ykdysady ösüş gatnaşyklaryny berkitmäge gyzyklanma bildirýär. Bu barada Russiýanyň Premýer-ministri Mihail Mişustin 29-30-njy aprelde Kazande geçirilen Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň mejlisi tamamlanandan soň, Türkmenistanyň wise-premýeri Serdar Berdimuhamedow bilen geçiren duşuşygynda belledi. Bu barada Interfaks habar berýär.
Pandemiýa garamazdan, Türkmenistan bilen özara haryt dolanyşygynyň düýpli ösüşiniň gazanylandygyny bellemek bilen, Mişustin geljegi uly bilelikdäki taslamalary gaýtadan işe girizmek üçin şertleri döretmegiň zerurdygyny nygtady.
Russiýanyň premýer-ministriniň aýtmagyna görä, Moskwa «ikitaraplaýyn gatnaşyklara täzeçe itergi bermek, ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda geljegi uly bilelikdäki taslamalary we başlangyçlary gaýtadan işe girizmek üçin zerur şertleri döretmek» isleýär. Mişustiniň baha bermegine görä, iki döwlet «dünýädäki hadysalara we çşkgünlige garamazdan, söwda ulgamynda düýpli öňegidişlik gazandy».
Ol rus statistikasynyň maglumatlaryny getirdi. Olara laýyklykda, özara haryt dolanyşygy 2019-njy ýyl bilen deňeşdireniňde 40% artdy. «Bu soňky bäş ýyl üçin rekord görkezijidir. Türkmenistanda öňdebaryjy rus kompaniýalary üstünlikli iş alyp barýar, maşyngurluşygynda, ulag infrastrukturasynda, nebitgaz toplumynda, oba hojalygynda, telekommunikasiýa ulgamynda bilelikdäki iri taslamalar durmuşa geçirilýär» - diýip Mişustin belledi.
«Lukmançylyk we sanitar-epidemiologik ulgamlarda hyzmatdaşlyk ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýar» - diýip RF-niň Hökümet baştutany belledi. Ol «bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyňüstünlikli ösdürilýändigini, Russiýada bilim alýan türkmen talyplarynyň sanynyň barha artýandygyny, häzir olaryň 30 müňden geçýändiginiј belledi.
Öz gezeginde, Serdar Berdimuhamedow Kazanda duşuşmaga çakylyk üçin minnetdarlyk bildirdi. «Türkmenistan bu gün Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň mejlisine ilkinji gezek hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Bu duşuşygyň ikitaraplaýyn bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin täze itergi berjekdigine ynanýarys» diýip ol belledi.
Wise-premýeriň belleýşi ýaly, «Türkmenistan Russiýa Federasiýasy bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär, gatnaşyklaryň depginli ösmeginiň esasy şerti iki ýurduň Prezidentleriniň arasyndaky açyklyk, dostlukly syýasy gatnaşyklar». Ol şeýle hem özara gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça ösýändigini nygtady.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda bilelikdäki Hökümetara toparyň hyzmatdaşlyk meselelerini çözmekde hem-de onuň geljegi uly bolan ugurlaryny işläp düzmekde eýeleýän ähmiýetli orny bellenildi. Bir aý mundan öň türkmen wekiliýetiniň Moskwa şäherine bolan iş saparynyň jemleriniň köpýyllyk özara gatnaşyklara täze itergi berendigi bellenildi. Onuň çäklerinde russiýaly kärdeşler bilen duşuşyklaryň 60-dan gowragy geçirilip, ikitaraplaýyn resminamalaryň 10-dan köprägine gol çekildi.
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen daşary söwda dolanyşygynyň möçberiniň geçen ýyl ABŞ-nyň 1 milliard 380 million dollaryna golaý bolandygy bellärliklidir.
Türkmenistanyň hem-de RF-niň Tatarystan Respublikasy, Astrahan oblasty, Sankt-Peterburg şäheri ýaly iri sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyga sazlaşykly häsiýet mahsusdyr.
Energetika babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň 8-nji mejlisine taýýarlyk görülýär
28-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
«Demirgazyk akymy» bilen bagly ýagdaý zerarly Ýewropada gaz 30% gymmatlady
«Demirgazyk akymy» gaz geçirijisiniň togtamagynyň dowam etmegi netijesinde Ýewropada gazyň spot bahasy 30%-e golaý ýokarlanyp, müň kub metrine 2900 dollara ýetdi diýip, Interfaks habar berýär.
Türkmenistanda Oraza baýramy mynasybetli 31-nji mart iş güni däl diýlip yglan edildi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Oraza baýramyny 30-njy martda bellemek hakynda Permana gol çekdi. Şunuň bilen baglylykda, 30-njy martyndaky dynç güni 31-nji marta — duşenbe gününe geçirildi.
Türkmenistanyň wekiliýeti Tatarystan nebitgaz forumyna gatnaşdy
«Kazan Ekspo» halkara sergi merkezinde 31-nji awgustdan 2-nji sentýabr aralygynda Tatarystan nebitgazhimiýa forumy – 2022 geçirildi. Oňa iki müňden gowrak wekil gatnaşdy. Türkmenistandan foruma «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň wekilleri gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Kazandaky Baş Konsullygynyň saýtynda habar berilýär.
Bilermen ÝB-de gazyň bahalarynyň aňry çäginiň girizilmegine mümkin bolan jogaby barada aýtdy
Ýewropada rus gazynyň bahasyna aňry çägiň girizilmegi beýleki iberijiler tarapyndan ýaramaz kabul edilip bilner, olar geljekde, ýagny baha çägi girizilende ibermeleriniň bahalaryny aşaklatmak islemeseler gerek diýip, Vygon Consulting kompaniýasynyň barlaglar boýunça direktory Mariýa Belowa Ria Nowosti agentligine gürrüň berdi.