TNGIZT çalgy ýaglarynyň önümçiligini artdyrýar
10:04 19.03.2021 7346
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän 2021-nji ýylyň başyndan bäri, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda içerki bazarlarda bolşy ýaly, daşarky bazarlarda hem uly islegden peýdalanýan nebithimiýa önümleriniň önümçiligi yzygiderli artdyrylýar.
Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda kärhanada 10 müň 632 tonna ýokary hilli çalgy ýaglary taýýarlanyldy we sarp edijilere iberildi. Bu görkeziji bellenilen meýilnamadan 1 müň 256 tonna artykdyr. Kärhanada bu önümiň önümçiliginiň ösüş depgini 104%-e deň boldy.
Suwuklandyrylan gaz we polietilen — TDHÇMB-niň birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy.
Aşgabatda YHG-nyň agza döwletleriniň Baştutanlarynyň 15-nji sammiti geçirildi
Geçen ýekşenbe güni, 28-nji noýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Aşgabatda YHG-nyň agza-döwletleriniň ýolbaşçylarynyň 15-nji Sammiti geçirildi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurtlara «Türkmennebit» DK-nyň önümleri ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.
Türkmenistanda nebit guýularynyň sany artýar
"Türkmennebit" döwlet konserniniň "Nebitgazburawlaýyş" trestiniň burawçylary “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişine uly goşant goşýarlar. Häzirki wagtda Balkan welaýatyndaky känlerde geologiýa-gözleg we buraw işleri alnyp barylýar.
TIF 2024 maýa goýum forumynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk hakynda 18 sany resminama gol çekildi
10-11-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen TIF 2024 maýa goýum forumynyň işiniň netijeleri boýunça türkmen döwlet, hususy kärhanalary hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda 18 sany ylalaşyklara we hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamalara gol çekildi. Bu barada News Central Asia (nCa) elektron neşiri habar berýär.