Hytaýyň “Internasional Ltd.” Milli Nebitgaz Korporasiýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy 19.08.2026 - 25.08.2026 aralygynda tender yglan edýär
14:07 19.08.2026 184
Hytaýyň “Internasional Ltd.” Milli Nebitgaz Korporasiýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy “Bagtyýarlyk” Şertnamalaýyn çäkde 2027-2030-njy ýyllarda guýulary we sliklaýnlary (Tanap tehnikasyny) synagdan geçirmek, perforasiýa etmek boýunça esasy we ugurdaş hyzmatlary etmek barada №. CIT-26033-SR belgili Tenderi yglan edýär
Şu tenderde gatnaşmak üçin islendik gyzyklanma bildirýän kompaniýa şular teklip edilýär:
1. Lotyň belgisini we tenderiň adyny, gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alynan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen tendere gatnaşmak barada resmi taýdan arza bermek;
2. Tender boýunça resminamalary (ITB) almak üçin pul serişdelerini geçirmek üçin hasap almak. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap Gatnaşyja hat üsti bilen arza iberilende berler.
3. Kompaniýanyň wekiliniň pasportynyň göçürmesini, tender resminamalaryny almaga hukuk berýän baş ynanç hatynyň göçürmesini we pul geçiriminiň göçürmesini bermek bilen tender tabşyrykly (ITB) bukjany almak.
Arzalary bermegiň soňky möhleti habar beriş serişdelerinde çap edilen seneden soň 7 (ýedi) senenama günüň dowamynda. Bellenilen möhletden giç gelen arzalar kabul edilmez.
Tendere gatnaşmagyň şertleri barada anyk maglumatlary almak we arzalary tabşyrmak şu salgy boýunça amala aşyrylýar:
Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3, KNNKIT edara binasy , Aşgabat, Türkmenistan
Habarlaşmaly adam
Narine Simonýan
Tel: (+993-12) 44-54-34