«Türkmengaz» Döwlet konserni: 19.08.2026 - 30.09.2026 aralykda açyk Tender yglan edýär

14:00 19.08.2026 198

Hormatly jenaplar!

«Türkmengaz» Döwlet konserni Konserniň hajatlary üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak barada № T/GAZ-036 belgili açyk tenderi yglan edýär. Tendere diňe haryt öndürijiler (tender resminamalarynda kesgitlenen talaplara laýyk gelen ýagdaýynda) gatnaşyp bilýär

Lot №2 – «Tehnologik enjamlar»;

Lot №3 – «Elektrotehniki önümler, KIPweA».

Size Türkmenistan, Aşgabat ş. 1939, Arçabil şaýoly, 56-njy jaý, 13-nji gat, “Türkmengaz” DK salgysy boýunça şular teklip edilýär:

- tendere gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alynan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen, tendere gatnaşmak islegi barada arza bermek (ofşor zolaklarynda hasaba alynan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);

- “Döwlet hajatlary üçin harytlary getirmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça tenderler hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, “Tenderi geçirmegiň düzgünlerinden” göçürme hem-de tendere gatnaşmak üçin zerur bolan resminamalar bilen tanyşmak;

- Lotyň tabşyrygyny, tehniki talaplaryny we şertnamanyň esasy şertlerini almak;

 - ABŞ-nyň 500 (bäş ýüz) dollary möçberinde (GSB we bank çykdajylaryny hasaba almazdan) serişdeleri ýa-da şoňa deň bolan manat serişdelerini tölemek üçin hasap almak, bir lot üçin tendere muzdsuz gatnaşmak üçin;

Zerur bolan maglumatlary şu salgydan alyp bolar: turkmengaz.gov.tm/, oilgas.gov.tm/ ýa-da ýokarda görkezilen salgydan almak bolar.

          Electron poçtanyň salgysy: info@turkmengaz.gov.tm.

Habarlaşmak üçin telefonlar:  40- 37-45 (факс), 40-37-39,40-37-40, 40-37-41, 40-37-42

Tender boýunça teklipler 30.09.26-da ýerli wagt boýunça 15.00-a çenli  kabul edilýär.   

Ýokarda görkezilen möhletden giç gelen teklipler kabul edilmez. Pul serişdelerini geçirmek üçin niýetlenen hasap arza berlende görkeziler.

          Tender boýunça teklipler ýokarda görkezilen salgy boýunça iberilmeli hem-de pul serişdeleri alyjynyň bank hasabyna gowşandan soň seretmek üçin kabul edilýär.

Teklipler möhür bilen tassyklanan, iki sany aýratyn bukjada, tender talapnamalaryny (kotirowkalaryny) taýýarlamak boýunça gözükdirmä laýyklykda kabul edilýär.

                      Elektron poçtanyň salgysy: info@turkmengaz.gov.tm.

                                                   odum@turkmengaz.gov.tm

«Türkmengaz» DK-niň Internetdäki saýty: oilgas.gov.tm/

Goşmaça maglumatlar

Başga makalalar