“Tatnebit” APJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy 10.08.2026 - 21.08.2026 aralykda TENDER yglan edýär
19:48 10.08.2026 316
“Tatnebit” APJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy “Tatnebit” APJ-niň Türkmenistandaky şahamçasynyň BBS toparlary üçin buraw erginini taýýarlamak üçin himiýa reagentlerini getirmek barada RF-niň rubllarynda we Türkmenistanyň manatlarynda №2026/42 belgili TENDERI yglan edýär.
Tendere gatnaşmak üçin Size şular teklip edilýär:
1. Bäsleşige gatnaşmak hakynda ygtyýarly adamyň goly çekilen we möhür bilen tassyklanan arzany şahamçanyň ýolbaşçysynyň adyna Bäsdeşiň resmi blankynda e-mail: KhalilulinBS@tatneft.tatar salgysy boýunça elektron poçta ibermeli. Arzada bäsleşige gatnaşyjynyň doly ady, hukuk derejesi, hasaba alynan ýurdy (ofşor zolaklarda hasaba alynan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär) we rekwizitleri görkezilen bolmaly;
2. Size arzada görkezilen elektron salgy boýunça tehniki tabşyryk iberiler;
3. Tender boýunça teklip PDF nusgada elektron faýl görnüşinde, Excel formatda, RAR nusgalarda arhiwleşdirilen bolmaly. Faýllar azyndan 8 nyşandan ybarat bolan parol bilen goralan bolmaly.
4. Tender boýunça teklip “Nebit-Gaz” gazetinde we «www.oilgas.gov.tm» saýtynda tender barada bildirişiň çap edilen wagtyndan 10 (on) günüň dowamynda iberilmeli. Şol möhletiň 10-njy iş güni ýerli wagt boýunça 18.00 sagatdan giç gelen teklipler kabul edilmez.
Takyk maglumaty almak üçin:
Guramaçylyk meseleleri barada MTO inženerine +993-61-49-57-47 belgili telefon boýunça ýüz tutmaly.
Tehniki meseleler barada KRS, BBS sehiniň başlygyna +993-65-81-70-29 belgili telefon boýunça ýüz tutmaly;