Serdar Berdimuhamedow: nebitgaz ulgamynda türkmen-malaý hyzmatdaşlygy ösüşiniň täze depginine çykýar

11:15 21.06.2026 121

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/17177/original-16a3916c3af553.jpg

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň çäklerinde türkmen-malaý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan sergä gatnaşdylar. Bu barada TDH habar berýär.

Plenar mejlis tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri bilelikde türkmen-malaý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan sergi bilen tanyşdylar.

Sergide Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň, daşary ýurtlaryň, şol sanda Malaýziýanyň iri ugurdaş kompaniýalarynyň giň möçberli ekspozisiýalary ýerleşdirilipdir.

Sergide ýurdumyzyň nebitgaz pudagyna «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň, şeýle-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň pawilýonlary wekilçilik etdi. Olarda nebitgaz pudagynda gazanylan üstünlikler, pudagy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler öz beýanyny tapýar.

Gözden geçirilişde Gurluşyk we binagärlik, Senagat we gurluşyk önümçiligi, Energetika, Aragatnaşyk, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Dokma senagaty ministrlikleriniň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň diwarlyklary-da ýerleşdirilip, olarda ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda gazanýan üstünlikleri görkezildi.

Sergi bilen tanyşlykdan soňra, döwlet Baştutanymyzyň hem-de Premýer-ministr Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Gol çekilen resminamalaryň hatarynda «Türkmennebit» döwlet konserni we «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.» hem-de «Hazarnebit» döwlet kärhanasynyň arasynda önümi paýlaşmak hakynda Şertnama; «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.» kompaniýasynyň arasynda 2D seýsmiki işleri geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk; «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «PETRONAS Çarigali International Ventures Sdn. Bhd.» kompaniýasynyň arasynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda Türkmenistanyň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek boýunça uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyk bar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow «PETRONAS» kompaniýasynyň gatnaşmagynda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki 19-njy we 20-nji deňiz toplumlaryny özleşdirmek boýunça bilelikdäki işlere başlanjakdygyny, 11-nji, 12-nji, 13-nji, 14-nji deňiz toplumlarynda 2D seýsmiki işlere girişmek arkaly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigini aýtdy.

“Beýleki ugurlarda bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Malaýziýa şu gezekki gepleşikleriň dowamynda nebitgaz pudagynda alnyp barylýan bilelikdäki işlerde özara düşünişmegiň hem-de ynanyşmagyň örän ýokary derejesini gazandylar. 30 ýyl mundan ozal nebitgaz pudagynda başlanan türkmen-malaý hyzmatdaşlygy üstünlikli dowam edýär” diýip, döwlet Baştutany aýtdy we häzirki döwürde onuň täze ösüşe, uly geljege eýe bolýandygyny, munuň Türkmenistanyň hem-de Malaýziýanyň umumy üstünligidigini belledi.

Başga makalalar
16315909c1463e.jpeg
Türkmenistan benziniň iň arzan ýurtlarynyň sanawynda 7 orna çykdy

Türkmenistan benziniň bahasy iň arzan ýurtlarynyň sanawynda 7-nji orny eýeleýär. Muňa 29-njy awgustda GlobalPetrolPrices internet-neşiri tarapyndan neşir edilen dünýäde motor ýangyjynyň bahalary hakyndaky maglumatlar şaýatlyk edýär.


16316ee907f1fc.jpeg
Baku Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygyny goldar, emma onuň öňe sürüjisi bolmaz

Azerbaýjan eger-de Türkmenistanyň Hökümeti Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygy hakynda karar kabul etse, ony goldar, emma Baku taslamanyň öňe sürüjisi bolmaz diýip Prezident Ilham Aliýew belledi. Bu barada Interfaks habar berýär.


16317196568665.jpeg
Abu-Dabide ADIPEC-2022 nebitgaz forumy geçiriler

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy türkmen tarapynyň wekillerini Halkara nebitgaz sergisine we forumyna gatnaşmaga çagyrýar (ADIPEC-2022). Forum BAE-de Abu-Dabide 2022-nji ýylyň 31-nji oktýabryndan 3-nji noýabry aralygynda geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekçiler birleşmesiniň saýtynda habar berilýär.


167ee5d3b3a2b0.jpg
“CNPC” KOMPANIÝASY – “TÜRKMENISTANYŇ YKDYSADYÝETINE DAŞARY ÝURT MAÝA GOÝUMLARYNY ÇEKMEK BOÝUNÇA HALKARA FORUMYŇ” PLATINA HEMAÝATKÄRI (TEIF 2025)

2025-nji ýyl – “Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak” ýylynda energiýa howpsuzlygy dünýäniň durnuklylygynyň we ykdysady ösüşiniň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Energiýa islegini howanyň üýtgemegi boýunça borçnamalar bilen utgaşdyrmak maksady bilen, tebigy we ekologiýa taýdan arassa energiýa çeşmelerine maýa goýumlary çalt depginde artýar.


16315c2abd5f05.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Tatarystan nebitgaz forumyna gatnaşdy

«Kazan Ekspo» halkara sergi merkezinde 31-nji awgustdan 2-nji sentýabr aralygynda Tatarystan nebitgazhimiýa forumy – 2022 geçirildi. Oňa iki müňden gowrak wekil gatnaşdy. Türkmenistandan foruma «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň wekilleri gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Kazandaky Baş Konsullygynyň saýtynda habar berilýär.