Ýene bir guýudan gaz akymy alyndy
09:10 13.01.2026 2449
Garaşsyz Watanymyzyň milli ykdysadyýetiniň ösüşinde möhüm orun eýeleýän gaz senagatynda gazanylýan üstünlikler her birimizi çuňňur buýsanja besleýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, geologiýa-barlag işleriniň giň gerimde alnyp barylmagy hem-de önümçilik mümkinçilikleriniň artdyrylmagy ýokary netijeleri üpjün edýär. Şeýle üstünlikleriň nobatdaky beýany hökmünde «Lebapgazçykaryş» müdirligimiziň garamagyndaky Böwrideşik gaz käniniň golaýynda ýerleşýän Hazarly meýdançasynda täze guýudan kuwwatly gaz akymynyň alynmagyny görkezmek bolar.
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Marynebitgazgözleg» ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan bu guýudan bir gije-gündizde 120 müň kub metr möçberinde tebigy gaz çykarmaga mümkinçilik berýän akym alyndy. «Hazarly — 3» diýip atlandyrylan täze guýy Hazarly meýdançasynda gaz akymy alnan ilkinji guýy bolup, ol ýurdumyzyň gaz senagatynda täze mümkinçilikleriň açylýandygyny görkezýär. Bu waka müdirligimizde alnyp barylýan geologiýa-barlag işleriniň yzygiderli we ýokary netijelere gönükdirilendigini tassyklaýar.
Müdirligimiz boýunça önümçilik görkezijileriniň durnukly ýokarlanmagy gazçylarymyzyň tutanýerli zähmetiniň aýdyň netijesidir. Şu ýylyň 11 aýynyň jemleri boýunça meýilnama 101 göterimden gowrak ýerine ýetirildi. Ýyl boýunça 9 milliard 300 million kub metr gaz çykarmak meýilleşdirilip, ýanwar — noýabr aýlarynda 8 milliard 516 million kub metrden gowrak «mawy ýangyç» öndürildi. Bu görkezijiler ýurdumyzyň gaz senagatynda bellenilen wezipeleriň üstünlikli berjaý edilýändigini görkezýär.
Daşary bazarlara ugradylýan tebigy gaz boýunça hem müdirligimiz ýokary netijeleri gazandy. Hasabat döwründe 3 milliard 368 million 988 müň kub metr gaz eksport etmek meýilleşdirilen bolsa, «mawy ýangyjyň» hakyky iberilen möçberi 4 milliard 750 million kub metrden geçdi. Şeýlelikde, eksport meýilnamasy artygy bilen ýerine ýetirildi. Şeýle üstünlikler ýurdumyzyň «mawy ýangyç» boýunça halkara bazarlardaky ygtybarly hyzmatdaş hökmünde abraýyny has-da pugtalandyrýar. Şeýle hem gaz kondensatynyň öndürilişi boýunça bellenilen meýilnamadan artyk netije gazanylyp, önümçilik derejesiniň ýokarydygy subut edildi.
Gazanylýan üstünlikleriň düýp esasynda müdirligimizde zähmet çekýän 2,5 müňden gowrak işgärimiziň yhlasly we tutanýerli işi durýar. Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy hökmünde biz işgärleriň zähmet hukuklarynyň goralmagyna, döredijilikli we howpsuz iş şertleriniň üpjün edilmegine, olaryň durmuş taýdan abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berýäris.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň gaz senagaty ösüşiň täze belentliklerine çykýar. Täze guýularyň işe girizilmegi, önümçiligiň we eksportyň artdyrylmagy, geologiýa-barlag işleriniň giňeldilmegi Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezýär. Şeýle üstünlikler ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak bilen bir hatarda, Türkmenistanyň halkara energetika bazaryndaky ornuny has-da berkidýär.
Birža söwdalarynda daşary ýurtly we ýerli işewürler ýangyç-energetika toplumynyň önümlerini satyn aldylar
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy.
Türkmenistanyň Prezidenti we Pakistanyň Premýer-ministri telefon arkaly söhbetdeşlikde energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar
31-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarifiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Türkiýäniň Prezidenti ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar
30-njy martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi diýip, TDH habar berýär.
«Demirgazyk akymy» bilen bagly ýagdaý zerarly Ýewropada gaz 30% gymmatlady
«Demirgazyk akymy» gaz geçirijisiniň togtamagynyň dowam etmegi netijesinde Ýewropada gazyň spot bahasy 30%-e golaý ýokarlanyp, müň kub metrine 2900 dollara ýetdi diýip, Interfaks habar berýär.
Bilermen ÝB-de gazyň bahalarynyň aňry çäginiň girizilmegine mümkin bolan jogaby barada aýtdy
Ýewropada rus gazynyň bahasyna aňry çägiň girizilmegi beýleki iberijiler tarapyndan ýaramaz kabul edilip bilner, olar geljekde, ýagny baha çägi girizilende ibermeleriniň bahalaryny aşaklatmak islemeseler gerek diýip, Vygon Consulting kompaniýasynyň barlaglar boýunça direktory Mariýa Belowa Ria Nowosti agentligine gürrüň berdi.