“Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025” ýubileý forumy üstünlikli tamamlandy
19:53 25.10.2025 4229
Aşgabatda 24-nji oktýabrda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» (OGT-2025) atly 30-njy halkara maslahaty we sergisi üstünlikli tamamlandy.
Forumyň jemleýji güni tebigy gazyň ýerasty ammarlarda saklanylmagy, suwuklandyrylan tebigy gaz (STG), CO₂ gazynyň tutulyşy we ulanylyşy boýunça täze tehnologiýalar, şeýle hem innowasiýalaryň we adam maýasynyň Türkmenistanda energiýa geçişinde tutýan orny ýaly möhüm strategik meselelere bagyşlandy.
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýew CO₂ gazyny tutmak, peýdalanmak we ýerasty saklamak boýunça CCUS-tehnologiýalary barada çykyş etdi. Ol bu tehnologiýalaryň howanyň üýtgemegine garşy göreşde iň täsirli hyzmatdaş bolýandygyny nygtady.
G.Garlyýewiň bellemegine görä, CCUS-tehnologiýalarynyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we wodorod önümçiliginiň ösüşi bilen utgaşdyrylmagy Türkmenistanda durnukly senagat we energetika ösüşiniň esasyny emele getirýär.
GaffneyCline Energy Advisory kompaniýasynyň uly geologiýa-ýerasty ulgamlar boýunça maslahatçysy Fil Gibbons Ojak ýatagynda tebigy gazyň ýerasty ammary boýunça geçirilen bahalandyryş işleriniň netijelerini hödürledi. Ol bu taslamanyň Türkmenistanyň energetika durnuklylygyny ýokarlandyrmakda we STG-eksportynyň çeýeligini artdyrmakda möhüm ädim bolup durýandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, onlarça ýyllap ýygnalan önümçilik maglumatlaryna esaslanyp taýýarlanylan model, ammaryň möwsümleýin 5 milliard kub metr iş gazyny kabul edip çykarmaga ukybynyň bardygyny tassyklaýar.
GaffneyCline tarapyndan berlen tehniki maslahatlarda dik-eňňit we gönüden-göni (georizontal) guýularyň ulanylmagy arkaly gaz alnyşynyň netijeliliginiň artdyrylandygy, maýa goýum çykdajylarynyň peseldilendigi we taslamanyň durmuşa geçirilme wagtynyň çaltlandyrylandygy bellenildi.
Gibbonsyň bellemegine görä, Ojakdaky gaz ammary diňe bir tehniki taslama däl, eýsem Türkmenistanyň energiýa garaşsyzlygyny we halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün edýän strategik serişde bolup durýar.
Bu ýylky maslahat 70 ýurtdan 1400-den gowrak gatnaşyjyny birleşdirdi. Maslahata dünýäniň öňdebaryjy energetika kompaniýalarynyň, döwlet edaralarynyň, maliýe institutlarynyň we ylmy-barlag merkezleriniň wekilleri gatnaşdy. Bu ýagdaý Türkmenistananyň dünýäde ynamdar energetika hyzmatdaşydygyny we sebitleýin dialogyň merkezi hökmünde ornuny ýene bir gezek tassyklady.
Maslahatyň esasy mejlislerinden soň halkara we ýerli žurnalistleriň gatnaşmagynda metbugat ýygnagy geçirildi.
Guramaçylar we hyzmatdaş kompaniýalaryň wekilleri OGT-2025-iň netijeleri barada çykyş edip, hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini, ikitaraplaýyn duşuşyklaryň netijeliligini we energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygynyň has-da pugtalandyrylandygyny belläp geçdiler.
Birža söwdalarynda daşary ýurtly we ýerli işewürler ýangyç-energetika toplumynyň önümlerini satyn aldylar
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy.
Türkmenistanyň Prezidenti we Pakistanyň Premýer-ministri telefon arkaly söhbetdeşlikde energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar
31-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarifiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Türkiýäniň Prezidenti ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar
30-njy martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi diýip, TDH habar berýär.
«Demirgazyk akymy» bilen bagly ýagdaý zerarly Ýewropada gaz 30% gymmatlady
«Demirgazyk akymy» gaz geçirijisiniň togtamagynyň dowam etmegi netijesinde Ýewropada gazyň spot bahasy 30%-e golaý ýokarlanyp, müň kub metrine 2900 dollara ýetdi diýip, Interfaks habar berýär.
Bilermen ÝB-de gazyň bahalarynyň aňry çäginiň girizilmegine mümkin bolan jogaby barada aýtdy
Ýewropada rus gazynyň bahasyna aňry çägiň girizilmegi beýleki iberijiler tarapyndan ýaramaz kabul edilip bilner, olar geljekde, ýagny baha çägi girizilende ibermeleriniň bahalaryny aşaklatmak islemeseler gerek diýip, Vygon Consulting kompaniýasynyň barlaglar boýunça direktory Mariýa Belowa Ria Nowosti agentligine gürrüň berdi.