Türkmenistan Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen strategik hyzmatdaşlyk üçin gapylaryny açýar
11:35 03.10.2025 2900
30-31-nji oktýabrda Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleri işewürlik çäresi geçiriler. Onuň esasy maksady Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň hem-de dünýäniň beýleki döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek we söwda-ykdysady gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak bolup durýar.
Bu çäre Germaniýanyň ykdysadyýetiniň Gündogarlyk komitetiniň we Türkmenistanyň Germaniýadaky Konsullygynyň goldawy bilen, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de “Türkmen maslahatçylar topary” hojalyk jemgyýetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň netijesinde amala aşyrylýar.
Iki günlük meýilnamanyň çäginde Türkmenistanyň hem-de çäräniň geçirilmegi meýilleşdirilýän ýurduň işewürlik we döwlet edaralarynyň wekillerini, şeýle-de gyzyklanma bildirýän giň gerimli bilermenler toparyny özünde jemlär.
Germaniýa we Türkmenistan strategik ähmiýete eýe bolan maliýe we bank hyzmatlary, saglygy goraýyş we derman senagaty, söwda, ulag we aragatnaşyk, nebitgaz we nebithimiýa senagaty, 0ba hojalygy, dokma we ýeňil senagaty ýaly ugurlarda özara hyzmatdaşlygy has-da berkidmegi maksat edinýär.
Forum milli ykdysady mümkinçilikleri beýan etmek, geljegi uly taslamalary giňişleýin ara alyp maslahatlaşmak, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de özara bähbitli şertnamalary baglaşmak üçin amaly meýdança hökmünde hyzmat eder. Bilelikdäki başlangyçlar üçin täze gözýetimleri açyp, innowasiýalaryň durmuşa geçirilmegine we öňdebaryjy tejribäni alyş-çalşygyna aýratyn ähmiýet berler.
Çäräniň guramaçylary ähli işewür hyzmatdaşlary, maýadarlary we hünärmenleri Germaniýadaky Türkmenistanyň Ykdysadyýet günlerine işjeň gatnaşmaga, üstünlikli hyzmatdaşlyk ugrunda berk binýady döretmäge we täze mümkinçilikleri amala aşyrmaga çagyrýarlar.
Birža söwdalarynda daşary ýurtly we ýerli işewürler ýangyç-energetika toplumynyň önümlerini satyn aldylar
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy.
Türkmenistanyň Prezidenti we Pakistanyň Premýer-ministri telefon arkaly söhbetdeşlikde energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar
31-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarifiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Türkiýäniň Prezidenti ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar
30-njy martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi diýip, TDH habar berýär.
«Demirgazyk akymy» bilen bagly ýagdaý zerarly Ýewropada gaz 30% gymmatlady
«Demirgazyk akymy» gaz geçirijisiniň togtamagynyň dowam etmegi netijesinde Ýewropada gazyň spot bahasy 30%-e golaý ýokarlanyp, müň kub metrine 2900 dollara ýetdi diýip, Interfaks habar berýär.
Bilermen ÝB-de gazyň bahalarynyň aňry çäginiň girizilmegine mümkin bolan jogaby barada aýtdy
Ýewropada rus gazynyň bahasyna aňry çägiň girizilmegi beýleki iberijiler tarapyndan ýaramaz kabul edilip bilner, olar geljekde, ýagny baha çägi girizilende ibermeleriniň bahalaryny aşaklatmak islemeseler gerek diýip, Vygon Consulting kompaniýasynyň barlaglar boýunça direktory Mariýa Belowa Ria Nowosti agentligine gürrüň berdi.