Ykdysady ösüşde «ýaşyl» energetikanyň orny

09:05 30.09.2025 1182

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/15157/original-168dab7f37415a.jpg

«Ýaşyl» energetikanyň dünýä ykdysadyýetine ýetirýän oňyn täsiri eýýämden duýulýar. Bu pudak täze iş orunlaryny döretmäge, gazylyp alynýan serişdelere garaşlylygy peseltmäge, innowasiýalaryň işlenip taýýarlanmagyny hem-de ornaşdyrylmagyny çaltlandyrmaga uly goşant goşýar. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri bilen bagly maksatnamalar ykdysadyýete maýa goýumlary çekmäge hem-de energiýany öndürmek üçin çykdajylary azaltmaga kömek edýär. Şoňa görä-de, «ýaşyl» energetika diňe bir abadan geljegiň ýoly bolman, eýsem, innowasiýalara we täze tehnologiýalara daýanmak arkaly ykdysady ösüşi gazanmaga mümkinçilik döredýär.

Dünýä tejribesi «ýaşyl» energetika geçmegiň zähmet bazarynda uly özgerişlere getirýändigini görkezýär. Innowasion ykdysadyýetiň ösdürilmegi netijesinde gazylyp alynýan ýangyjy öndürmek we gaýtadan işlemek bilen bagly iş orunlarynyň ähmiýeti peselip, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini işläp taýýarlamak hem-de olara hyzmat etmek bilen bagly hünärlere isleg artýar. Häzirki wagtda Gün we ýel elektrik beketlerinde tehnologiýalara hyzmat edýän hem-de olary bejerýän inženerleriň uly topary zähmet çekýär. Bu hakykaty Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentlik (IRENA) hem-de BMG-niň ýörite düzümi bolan Halkara zähmet guramasy (ILO) tarapyndan taýýarlanylan «Gaýtadan dikeldilýän energiýa we iş orunlary: ýyllyk syn 2024» diýen beýanatda-da görmek bolýar. Oňa laýyklykda, «ýaşyl» energetika pudagynda bütin dünýäde jemi 16,2 milliondan gowrak hünärmen zähmet çekip, olaryň 7,1 milliony Günüň energiýasyny özleşdirmek, 2,8 milliony suwuk bioýangyç önümçiligi, 2,3 milliony suw elektrik beketleri, 1,5 milliony ýel elektrik beketleri, 0,3 milliondan gowragy biogaz önümçiligi, 0,2 milliona golaýy geotermal energiýa bilen baglanyşykly ugurlarda işleýär. Beýanatda «ýaşyl» energetika pudagynda iş orunlarynyň uly böleginiň Hytaý, Hindistan, ABŞ, Ýewropa Bileleşigi, Braziliýa, Ýaponiýa, Wýetnam ýaly köp ilatly ýurtlarda döredilendigini görmek bolýar.

Ýeri gelende, «ýaşyl» energetika pudagynyň ösüşinde iň çalt ilerleýän ugruň Gün energetikasydygyny bellemeli. XXI asyr üçin gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine çalt geçmäge ýardam bermek boýunça döredilip, bütindünýä döwlet-hususy hyzmatdaşlygyndaky iri düzüm bolan REN21 guramasynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri 2025: bütindünýä derejesindäki ýagdaý barada hasabat» diýen synynda bellenilişine görä, 2024-nji ýylda Ýer ýüzünde umumy kuwwaty 741 gigawata barabar bolan Günüň ýagtylygynda elektrik energiýasyny öndürýän gurluşlar ornaşdyrylypdyr. Bu görkeziji «ýaşyl» energetika pudagynda ýylyň dowamynda ornaşdyrylan ähli täze kuwwatlyklaryň 81 göterimine barabardyr. Sanawda Gün energiýasyndan soňky orunlary 16 göterim bilen ýel energiýasy, 2 göterim bilen gidroelektrik desgalar we beýlekiler eýeleýär. Bütindünýä derejesinde 2024-nji ýylda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň umumy ösüş depgini 18 göterime deňdir. Şeýle hem 2030-njy ýyla çenli bütin dünýäde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden alynýan elektrik energiýasynyň kuwwatyny iki esseden hem gowrak artdyrmak, ýagny häzirki 4 müň 770 gigawatdan 11 müň gigawata ýetirmek maksat edinilýär. Şonda Günden alynýan elektrik energiýasynyň paýynyň, takmynan, 6 müň gigawata, ýel energiýasynyň bolsa 3 müň gigawata barabar bolmagyna garaşylýar.

Elektrik energiýasynyň durmuş-ykdysady maksatlar üçin ulanylyşy ýylsaýyn artýar. Halkara energetika agentliginiň bütindünýä derejesinde elektrik energiýasynyň öndürilişi hem-de sarp edilişi bilen bagly 2025-nji ýyldaky «Dünýäniň energiýa hasaby» (World Energy Balances) diýen synyna laýyklykda, 2024-nji ýylda Ýer ýüzünde elektrik energiýasynyň sarp edilişi örän ýokary derejä ýetip, 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2,2 göterim ýokarlandy. Munuň esasy sebäbi ykdysady taýdan ösýän ýurtlaryň zerurlyklary, howanyň aşa gyzmagy, emeli aň we beýleki tehnologiýalar üçin ägirt uly maglumat merkezleriniň döredilmegi, senagat we ulag pudaklarynda elektrik energiýasynyň sarp edilişiniň artmagy bilen baglanyşyklydyr. 2022-nji ýylyň maglumatlaryna laýyklykda, dünýä derejesinde sarp edilýän energiýanyň 34 göterimi senagatyň pudaklarynyň, 31 göterimi binalaryň we desgalaryň, 31 göterimi ulag pudagynyň, 2,5 göterimi oba hojalygynyň paýyna düşýär.

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň esasy artykmaçlyklarynyň biri hem energiýany öndürmek we sarp etmek bilen bagly harajatlaryň yzygiderli peselýänligidir. Tehnologiýalaryň kämilleşmegi bilen, Gün panelleriniň we ýel elektrik desgalarynyň netijeliligi ýokarlanýar hem-de bahalary arzanlaýar. Bu bolsa elektrik energiýasyny öndürmegiň özüne düşýän gymmatyny peseldýär. IRENA tarapyndan 2023-nji ýylda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden öndürilýän energiýanyň bahasy bilen baglanyşykly taýýarlanylan syna laýyklykda, «ýaşyl» energiýanyň özüne düşýän gymmaty 2010-njy ýyldan bäri yzygiderli peselýär. Degişli döwürde gazylyp alynýan ýangyçlardan energiýa öndürmegiň harajatlary bolsa ýylsaýyn ýokarlanýar. 2010-njy ýyl bilen deňeşdirilende, elektrik energiýasynyň özüne düşýän gymmatynyň 2023-nji ýylda binalardyr desgalarda ornaşdyrylýan ýagtylyk elektrik panellerinde 90 göterim, gury ýerdäki ýel desgalarynda 70 göterim, deňizlerdäki ýel elektrik beketlerinde 63 göterim, Gün energiýasyny toplaýan gurluşlarda 70 göterim arzanlandygyny görmek bolýar. 2023-nji ýylda täze ornaşdyrylyp, umumy kuwwaty 473 gigawata barabar bolan «ýaşyl» tehnologiýalaryň 81 göterimi elektrik energiýasyny gazylyp alynýan ýangyja garanyňda arzan öndürmäge mümkinçilik berýär. Sarp edijiler üçin elektrik energiýasynyň bahalarynyň peselmegi ykdysadyýeti we işewürligi ösdürmek üçin oňaýly şertleri döredýär.

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini özleşdirmegiň başlangyç tapgyrda ozal bar bolan infrastrukturanyň üýtgedilmegi üçin wagty, serişdeleri hem-de uly maýa goýumlary talap edýändigini hem bellemek gerek. Emma täze iş orunlarynyň döredilmegi, energiýanyň özüne düşýän gymmatynyň peselmegi, ekologiýa taýdan arassalygy, adamlaryň saglygy üçin zyýansyzlygy, iň esasysy-da, gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriň gorlarynyň tükeniksiz bolmagy ahyrky netijede «ýaşyl» energetikanyň ykdysady taýdan bähbitlidigini görkezýär.

Ösüp barýan döwletler «ýaşyl» energetika geçmekde uzak ýyllaryň dowamynda özleşdirilen dünýä tejribesiniň iň soňky gazananlaryny, iň häzirki zaman «ýaşyl» çözgütleri ornaşdyrmaga oňaýly mümkinçilik alýar. Bu ugurda Türkmenistanda hem anyk maksatlardyr wezipeler goýlup, iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Tebigy baýlyklaryň uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyz energiýa serişdelerini diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly häzirki döwürde «ýaşyl» energetika geçmekde ynamly ädimleri ädýär. Ýylyň dowamynda açyk howaly günleriň köp bolmagy, aýry-aýry sebitlerde ýeliň, suwuň, geotermal çeşmeleriň energiýasyny peýdalanmagyň mümkinçilikleri pudagy ösdürmekde giň şertleriň bardygyny aňladýar. Bu ugurda ýöriteleşen halkara guramalar we maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlyga hem uly ähmiýet berilýär. Arkadag şäherinde häzirki zaman «ýaşyl» çözgütleriň ornaşdyrylmagy, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda kuwwaty 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň gurulmagy, täze gurlup ulanmaga berilýän önümçilik we durmuş maksatly desgalarda energiýa tygşytlaýjy hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine esaslanýan tehnologiýalaryň bolmagy anyk işleriň aýdyň mysallarydyr.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaşyl zolaklary köpeltmek, tebigy köpdürlüligi gorap saklamak, sirkulýar ykdysadyýeti ösdürmek, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň mümkinçiliklerini peýdalanmak, metan zyňyndylaryny peseltmek, raýatlaryň ekologik medeniýetini kämilleşdirmek ýaly başlangyçlaryň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna öwrülmegi şu günümiziň we geljegimiziň röwşen bolmagyny gazanmaga, gözel tebigatymyzyň baýlyklaryny we abadan daşky gurşawy geljekki nesillere miras galdyrmaga ýardam eder.

Ahmet GELDIÝEW,
«Watan» gazetiniň bölüm redaktory.

Başga makalalar
1632c426019de9.gif
Türkmenistanda nebit-gaz boýunça XXVII halkara forum geçiriler

Şu ýylyň 26-28-nji oktýabrynda Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy 2022” XXVII halkara forum geçiriler.


164917f7d9c62d.png
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşarky we içerki bazarlara nebitgaz toplumynyň önümleri ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 45-si hasaba alyndy.


16194aa93f28f7.jpeg
«Türkmengaz» DK Auguste International Fze kompaniýasyndan enjamlary satyn alar

«Türkmengaz» döwlet konserni «Döwletabatgazçykaryş» müdirliginiň gaz çykarýan beketlerindäki desgalary döwrebaplaşdyrmak üçin Auguste International Fze (BAE) kompaniýasyndan tehniki serişdeleri — enjamlary we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn alar.


16194aaf55df73.jpeg
TNGIZT importyň ornuny tutýan önümleriniň önümçiligini giňeldýär

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän, importyň ornuny tutýan önümleriň görnüşleriniň giňeldilýändigi barada wise-premýer Şahym Abdrahmanow sişenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda hasabat berdi.


16805f28532b4d.jpg
Arkadag şäherinde YHG-nyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy geçiriler

Şu ýylyň aprel aýynda Arkadag şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy geçiriler.