Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
04:05 05.08.2025 3188
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.
Türkmenistan tebigy baýlyklaryň uly goruny özünde jemleýär. «Ýaşyl» energiýa düşünjesi jemgyýetde tükeniksiz tebigy çeşmelerden emele gelýän, daşky gurşawda yzygiderli bolup geçýän hereketlerden tehniki hem-de senagat taýdan täze nusgalarynyň taýýarlanmagyny we energiýanyň goşmaça güýjünden peýdalanmagy aňladýar. «Ýaşyl» energiýa ýaşaýşyň täze, sagdyn, köptaraply medeni ösüşiniň hereketlendirijisi hökmünde galkynyşlaryň gözbaşy bolup arşa galýar, halklaryň hyzmatdaşlygynyň netijeli diplomatik guraly bolup dabaralanýar. Ýer ýüzünde Diýarymyzyň howa gurşawy, suw strategiýasy, energetika syýasaty, ekologiýa medeniýeti boýunça milli we ählumumy başlangyçlary, elektron senagatynyň ösüşi boýunça tejribeleri, sanly ulgam boýunça işewür ösüşleri ýokary bahalanýar.
Dünýäde häzirki wagtda sarp edilýän energiýa çeşmeleriniň hereketiniň 20 göterimine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri gatnaşýar. Ekologiýa taýdan arassa, dowamly, amatly we durnukly häsiýetleri özünde jemleýän gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň görnüşleri ýangyçlardan emele gelýän zyňyndylaryň 30 göterim möçberde azalmagyna, ykdysady-innowasion ösüşleriň, ýagtylygyň we tebigat gözellikleriniň 15 — 40 göterim möçberde artmagyna getirýär. «Ýaşyl» ykdysadyýet daşky gurşawyň hapalanmagynyň we ekologik howplaryň öňüni almakdyr, tebigat bilen deňagramly we sazlaşykly ýaşamak medeniýetidir, islegleriň täze görkezijisidir, adamzadyň gündelik ykbalyna aýawly çemeleşmek sungatydyr, howanyň, topragyň, suwuň we zähmetiň goralmagydyr, tygşytlanmagydyr, arassalygydyr.
Mähriban Watanymyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň, «ýaşyl» energiýanyň, «ýaşyl» tehnologik binýadyň we «ýaşyl» ykdysadyýetiň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de olaryň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek maksady bilen 40-a golaý täze kanunçylyk namalaryň, kadalaşdyryjy hukuk resminamalaryň tassyklanmagy bu ugurda ösüşleriň depgininiň kämilleşmegine uly badalga berdi. Türkmenistanyň dünýäde we sebitde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ulanmak, ösdürmek, energiýanyň tygşytly we ygtybarly usulyýet toplumyny kemala getirmek, täze tehnologik parklary, merkezleri döretmek maksady bilen halkara konwensiýalaryň we şertnamalaryň onlarçasyna goşulmagy, güneşli ülkämizde bu ugurda uly maksatnamalaryň, iri taslamalaryň üstünlikli alnyp barylmagy köpleri guwandyrýar.
Ýurdumyzda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň, Balkan welaýatynda Gün we ýel garyşyk stansiýasynyň gurluşygy sebitlerde «ýaşyl» energiýanyň synag merkezleriniň hereket etmegi, Arkadag, Aşgabat, Awaza şäherlerinde «ýaşyl» ykdysadyýetiň täze, kämil, önümçilik, innowasion tehnologik binýatlarynyň, bitewi, kuwwatly elektrik stansiýalaryň gurluşygy, ylmy-önümçilik synag merkezlerinde Gün kollektorlarynyň we kadastrlarynyň, ýel elektrik stansiýalarynyň taslamalarynyň hereket edip başlamagy, pudaklaryň sanlylaşdyrylmagy, Owadandepede zeminde gazdan ekologik taýdan arassa EKO-93 kysymly benzin öndürýän ilkinji zawodyň gurulmagy, ähli senagat kärhanalarynda howany arassalaýjy täze tehniki serişdeleriň oturdylmagy, şäher gurluşyk medeniýetine döwrebap çözgütli, täsin inženerçilik sanly-maglumat aragatnaşyk ulgamynyň, elektron senagatyň, dizaýn däpleriniň täze görnüşleriniň ornaşdyrylmagy, tokaý, bagçylyk zolaklarynyň möçberleriniň giňeldilmegi energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Bu şöhratly ädimler, taryhy üstünlikler ählumumy energiýa geçmek şertlerinde Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplydygyny, zamanabap ösýändigini aýdyň dabaralandyrýar, halkara hyzmatdaşlygynda işjeňlik ornunyň ýokarydygyny görkezýär.
Dädebaý
PÄLWANOW,
Görogly
etrap häkimliginiň hünärmeni.
Türkmenistanda keramika önümlerini öndürýän iri zawod ulanyşa girizildi
12-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze desganyň — Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
Awgust aýyndan OPEC-e Kuweýtiň wekili başlyklyk eder
OPEC-iň nobatdan daşary mejlisinde ministrler guramanyň täze baş sekretary wezipesine — 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap üç ýyl möhlete Kuweýtden Haýtam Al-Gaýsy (Haitham Al-Qais) saýladylar diýip, Interfaks habar berýär.
HNGU-nyň wekilleri Pekinde halkara foruma gatnaşdylar
Türkmenistanyň wekiliýeti 1-2-nji oktýabrda Pekinde Hytaýyň nebit uniwersitetiniň 70 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Uglerod bitaraplygyna ýetmegiň ugrunda: Bilim, tehnologiýalar, zehinler» atly halkara maslahatyna gatnaşdylar.
Pakistan Türkmenistandan suwuklandyrylan gaz import etmegi meýilleşdirýär
Pakistanyň Hökümeti gyşyň düşmegi zerarly gaz ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolup, Owganystanyň üsti bilen gury ýerden Türkmenistandan suwuklandyrylan nebit gazyny import etmek boýunça meýilnama işläp taýýarlady.
Türkmenistanyň Prezidenti YÖB-niň ýolbaşçysy bilen energetika, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy
19-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň (YÖB) ýolbaşçysy Muhammad Al Jasser bilen duşuşygynda saglygy goraýyş, energetika, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.