Geotermik energiýany ulanmagyň geljegi

04:10 22.07.2025 2776

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/14571/original-1687e75300290b.jpg

Türkmenistan möhüm eksport potensialyny üpjün edýän giň tebigy gaz gorlaryna eýedir. Şeýle bolsa-da, global energiýa geçişiniň we milli energiýa balanslaryny diwersifikasiýalaşdyrmak isleginiň çäginde «ýaşyl» energiýa bolan gyzyklanma artýar. Olaryň arasynda geotermik energiýa aýratyn orny eýeleýär. Geotermik energiýa — bu Ýeriň gatlaklarynda emele gelýän we ýygnanýan ýylylykdyr.

Dünýä tejribesi geotermik taslamalaryň ýokary netijeliligini we dowamlylygyny görkezýär, şeýle hem Ýeriň çuň ýylylygyny ulanmagyň we ykdysady mümkinçiligini tassyklaýar. Mysal üçin, Islandiýa döwleti milli energiýa balansynda geotermik energiýanyň paýynda dünýäde öňdebaryjy döwletleriň biridir. Ýurduň ýyladyşynyň 90 göterimden gowragy we elektrik energiýasynyň 30 göterimi geotermik çeşmelerden alynýar. «Hеdlisheýdi» atly elektrik stansiýasy ýaly uly desgalar binar aýlanyşyk ulgamlaryny we bug stansiýalary ulanyp, 300 MWt kuwwatly elektrik energiýasyny we 400 MWt kuwwatly ýylylyk energiýasyny öndürýär. Islandiýa döwletiniň üstünligi amatly geologik şertler bilen, ýagny döwletiň çäginde köp sanly geýzerleriň ýerleşmegi bilen baglanyşyklydyr.

Dünýäde iň ýokary — 1 müň 900 MWt kuwwatly geotermik elektrik stansiýalarynyň biri bolan «Makban» atly stansiýa Filippin döwletinde ýerleşýär. Ýurduň çäginde işjeň wulkanlaryň sany kän. Filippin döwletiniň tejribesi seýsmik taýdan işjeň sebitde wulkanlardan alynýan geotermik ýylylygy giňden peýdalanmagyň mümkindigini görkezýär.

ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda ýerleşýän «Geýzers» toplumy dünýädäki iň uly gury bug geotermik ýatakdyr. Onuň kuwwaty

900 MWt-dan gowrak. Bu taslama uly geotermik ýataklardan onlarça ýylyň dowamynda peýdalanyp boljakdygyny görkezýär.

Türkmenistanda Gün, ýel, geotermik energiýa ýaly «ýaşyl» energiýa çeşmeleriniň ösmegi üçin möhüm şertler bar. Geotermik energiýa bolsa geljegi uly çeşmeleriň biridir. Ýurdumyzyň käbir sebitlerinde ýerden çykýan ýylylygy elektrik energiýany öndürmek ýa-da ýyladyş üçin ulanyp boljak geotermik anomaliýalar bar. Bu usul has çuňňur gözlegleri talap edýär we ýurdumyzyň energiýa balansyna gymmatly goşundy bolup biler.

Türkmenistanda geotermik işjeňlik Alp-Gimalaý epinli guşaklygyň we Hazar sebitiniň tektonika zolagynda ýerleşmegi bilen baglanyşyklydyr. Hazar çöketligi we Çeleken sebiti ýokary geotermik gradiýentleriň ep-esli çuňluklarda emele gelip bilýän çuň çökündi howdanlaryň bolmagy bilen häsiýetlendirilýär. Çeleken sebitinde ýyly suwlaryň çykýan nokatlary geotermik suw howdanlarynyň ýakynlygyny görkezýär.

Köpetdag epinli sebitdäki we Demirgazyk Garagum gümmezindäki tektonik gurluşlarda geologik näsazlyklar çuň suwuklyklaryň aýlanmagyna we ýeriň ýüzüne ýylylygyň geçirilmegine kömek edýär. Bu sebitlerde geotermik gradiýentler her 1 kilometre 30 — 40oC-a ýa-da ondanam ýokary temperaturalara ýetip biler. Bu bolsa ýeriň ýylylygyny ulanmak üçin amatly görkeziji bolup durýar. 1 — 5 kilometr çuňluklarda geotermik suwlaryň temperaturasy 50oC-dan 150oC-a çenli üýtgäp biler. Ýokarda getirilen maglumatlar pes we orta temperaturaly çeşmeleri göz öňünde tutmaga mümkinçilik berýär.

Geotermik energiýanyň ösüşi birnäçe möhüm tehnologiýalara daýanýar. Türkmenistanda olaryň ulanylmagynyň mümkinçiligi çeşmeleriň tebigatyna baglydyr. Pes temperaturaly çeşmeler ýylylygy gönüden-göni ulanmaga mümkinçilik berýär. 100oC-a çenli gyzgynlykly geotermik suwlar ýaşaýyş ýyladyşhanalary we jaýlary ýylatmak, şeýle hem oba hojalygynda ýygnalan hasyly guratmak üçin ulanylýar.

120oC orta temperaturaly çeşmeleri ulanmak üçin binar aýlanyşykly geotermik elektrik stansiýalar gurulýar. Orta temperaturaly geotermik suwlar, esasan, turbinalary aýlamak üçin ulanylýan çalt bugarýan izopentan ýa-da izobutan suwuklyklary gyzdyrmakda ulanylýar. Binar aýlanyşyk ulgamlary elektrik energiýasyny öndürmäge mümkinçilik berer we gaz bilen işleýän elektrik stansiýalarynyň ulanylmagyny azaldar.

Şunluk bilen, Türkmenistanyň energiýa pudagyna geotermik energiýanyň birleşdirilmegi birnäçe strategik artykmaçlyga eýe bolar. Gün we ýel energiýasyndan tapawutlylykda geotermik elektrik stansiýalary howa şertlerine ýa-da günüň wagtyna bagly bolmazdan durnukly energiýa bilen üpjün edip biler.

Tebigy gazyň içerki sarp edilişiniň bir böleginiň geotermik energiýa bilen çalşylmagy eksport üçin goşmaça tebigy gazyň möçberiniň artmagyna getirer. Geotermik pudagyň ösüşi ýöriteleşdirilen kärhanalaryň döredilmegine, ýokary hünärli işgärleriň çekilmegine we buraw, geologiýa, inženerçilik tehnologiýalarynyň kämilleşdirilmegine itergi berer. Şeýle hem parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça milli maksatlara ýetmäge möhüm goşant goşar.

Şunluk bilen, başlangyç çykdajylara we tehniki kynçylyklara garamazdan, dünýä tejribesine daýanyp, ýeriň jümmüşindäki ýylylygy ulanmagyň strategik artykmaçlyklary we uzak möhletleýin peýdalary häzirki wagtda Türkmenistanyň durnukly energiýasynyň ösüşi üçin geotermik energiýany geljegi uly ugra öwürýär.

Çynar GELDIÝEWA,
«Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň uly ylmy işgäri.

Başga makalalar
1621c7b16d9eb6.png
Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidenti telefon arkaly söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde köpugurly döwletara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


166cd7e1aef9e2.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti “Dragon Oil” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Duşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow “Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýeri kabul etdi diýip, TDH habar berýär.


1621c66a726a68.jpeg
Mart aýynda Aşgabatda we Dubaýda nebitgaz maýa goýum forumy geçiriler

29-30-njy martda Aşgabatda we Dubaýda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maýa goýum forumy geçiriler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.


16841adfb5a258.jpg
Nebitgaz toplumynda ýylyň bäş aýynyň jemlerine garaldy

5-nji iýunda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 4-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


164bf7495cb97b.jpg
Türkmenistan Hazarüsti gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary dowam etmäge taýýar — DIM

Türkmenistan energetika akymlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasyna ygrarlydyr hem-de Hazarüsti turba geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlar bilen özara hereketlerini dowam etdirmäge taýýardygyny mälim edýär. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligini köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin ýaýradan habarynda aýdylýar.