Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Abu-Dabide ADIPEC-2024 energetika sergisine we maslahatyna gatnaşdy
06:13 09.11.2024 5143
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy şu ýylyň 4-7-nji noýabry aralygynda Abu-Dabide geçirilen ADIPEC (Abu Dhabi International Petroleum Exhibition and Conference) sergisine gatnaşdy. ADIPEC sergisi nebitgaz pudagynda dünýäde iň iri meýdançalaryň biri bolup, ol her ýyl on müňlerçe öňdebaryjy bilermenleri, dünýäniň energetika kompaniýalarynyň liderlerini we wekillerini ýygnaýar.
Türkmenistan bu sergä nebitgaz pudagy, halkara nebitgaz kompaniýalarynyň wekilleriniň arasynda uly gyzyklanma döreden uly göwrümli maýa goýum taslamalary we pudakda gazanylan üstünlikleri hödürleýän stendi bilen wekilçilik etdi. «ADIPEC-2024-de» Türkmenistanyň wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow, «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy M.Babaýew, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Agajanow ýolbaşçylyk etdi.
Türkmen nebitgaz kompaniýalary ýurduň uglewodorodlary öndürmekdäki, gaýtadan işlemek we dünýä bazarlaryna eksport etmekdäki üstünliklerini hödürledi. Bular diňe bir Türkmenistanyň ykdysadyýetinde däl, eýsem onuň çäklerinden daşarda-da degişli möhüm orna eýedir diýlip, habarda bellenilýär.
Çäräniň çäginde türkmen wekiliýeti Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýän «Dragon Oil», «ADNOC», «Halliburton», «Petronas» ýaly dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirdi. Ara alyp maslahatlaşmalar tehnologiýa alyş-çalşygy, maýa goýum mümkinçilikleridir hyzmatdaşlyk taslamalary, şol sanda sebitleýin we halkara energiýa başlangyçlara gatnaşmagy öz içine aldy.
Halkara energiýa kompaniýalaryň 10 müňden gowrak wekiliniň gatnaşan sergisinde Türkmenistanyň stendi ýurduň baý taryhyny we medeni mirasyny görkezip, häzirki zaman dizaýny bilen tapawutlandy. Bu ýere gelenler Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda ulanylýan häzirki zaman tehnologiýalaryny, şeýle hem ýurduň energiýa mümkinçiligini görkezýän wideoşekillere tomaşa edip bildiler.
Türkmen wekiliýeti «ADIPEC-2024» konferensiýasynyň strategiki sessiýalaryna hem işjeň gatnaşdy. Işewürlik maksatnamasynyň çäginde Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýurduň nebitgaz pudagynda, esasan hem durnukly ösüş we innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak ugurlarynda gazananlaryny görkezýän çykyşlary boldy. Şunda türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna eksport etmek taslamalaryna we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge gönükdirilen başlangyçlara aýratyn üns berildi.
Günorta Aziýa ýurtlaryna türkmen gazyny durnukly ibermäge gönükdirilen TOPH gaz geçirijiniň taslamasy ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy mowzuklarynyň biri boldy. TOPH taslamasynyň prezentasiýasy sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.
Daşary ýurtly maýadarlara 11-nji, 12-nji, 16-njy, 21-nji we 23-nji deňiz bloklaryna maýa goýum mümkinçilikleri, şeýle hem ulanyşdaky känleride çig mal çykarylyşyny artdyrmak boýunça taslamalar, TNGIZT-ni we SNGIZ-ni ösdürmegiň taslamalary hödürlenildi.
«ADIPEC-2024»-e gatnaşmak Türkmenistana halkara energiýa bazaryndaky ornuny berkitmäge, nebit we gaz pudagyna täze maýa goýumlaryny çekmek, energiýany ösdürmäge innowasion çemeleşmäni görkezmek, öňdebaryjy dünýä kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçiligine eýe etdi. Şeýlelikde, Türkmenistan Bütindünýä energiýa pudagynda ygtybarly we geljegi uly hyzmatdaş hökmünde ornuny tassyklady.
Türkmenistanyň Prezidenti «Gazpromyň» ýolbaşçysy bilen gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
Duşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen «Gazprom» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Milleriň arasynda geçirilen duşuşykda ýangyç-energetika toplumy ulgamynda mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan energetika we ulag ulgamlaryny ösdürmekde sebit hyzmatdaşlygynyň uly geljegini görýär
Prezident Serdar Berdimuhamedow 19-njy martda Aşgabatda geçirilýän «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahata gatnaşyjylara iberen gutlagynda Türkmenistanyň energetika we ulag ulgamlaryny ösdürmekde sebit hyzmatdaşlygynyň uly geljegini görýändigini belledi.
Hytaý we Türkmenistan ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň ýoly bilen barýar – Ýuý Szýanlun
Hytaý Türkmenistanyň iň iri söwda hyzmatdaşy bolup durýar diýip, Hytaýyň halkara söwdanyň ösmegine ýardam etmek boýunça komitetiniň başlygynyň orunbasary we Hytaýyň Halkara Söwda Palatasynyň başlygynyň orunbasary Ýuý Szýanlunyň 18-nji martda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» (IFT 2025) halkara forumynda eden çykyşynda belledi.
Türkmenistan 2024-nji ýylda ABŞ-nyň 11 milliard dollary möçberinde maýa goýumlary özleşdirdi
Türkmenistan 2024-nji ýylda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça meýilnamasyny 110 % ýerine ýetirip, ähli maliýeleşdiriş çeşmeleriniň hasabyna ABŞ-nyň 11 milliard dollary möçberinde maýa goýumlaryny özleşdirdi. Bu barada 18-nji martda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» (IFT 2025) halkara forumynda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Perhat Ýagşyýew aýtdy.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurtly alyjylara awiakerosin we suwuklandyrylan gaz satyldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.