Aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän, uç-gyraksyz Garagum. Onuň asty hem, üsti hem durşuna genji-hazyna. Baryp-ha geçen asyryň 60-njy ýyllarynyň ortalarynda Demirgazyk — Gündogar Garagumda ýerasty baýlygyň — «mawy ýangyjyň» köp mukdardaky gorunyň bardygy anyklanylýar. Şondan soň, hazyna gözleýjiler Ojak gaz känini özleşdirýärler. 1966-njy ýylyň güýzünde ilkinji türkmen gazynyň millionlarça kubmetri Buhara-Ural gaz geçirijisine akdyrylýar. Ýokary basyşly gaz akymy alnan 1-nji belgili gaz guýusyna «ilkinji garlawaç» diýlip at berilýär. «Demirgazyk—Gündogar Türkmenistanyň Ojak gaz käni gaty çalt özleşdirildi. Hatda şeýle çaltlygy henize çenli dünýä tejribesi bilenok» diýip, öz döwründe «Izwestiýa» gazeti ýazdy.
Türkmenistanyň gaz senagatynyň gözbaşynda durýan Ojak gaz käninden soňra ençeme ýataklaryň üsti açyldy we senagat taýdan özleşdirildi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde hem gaz ýataklarynyň onlarçasynyň üsti açylýar. Gaz gorunyň möçberi boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz känini hem şolaryň hataryna goşmak bolar. Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan soň, öz baýlygymyzyň eýesi bolduk. «Mawy ýangyjy» diňe bir çig mal hökmünde däl, eýsem, ony gaýtadan işläp, taýýar önümi daşary ýurtlara eksport etmäge mümkinçilik döredi. Naýyp we Bagaja gaz känlerinde gazy gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň ulanylmaga berilmegi bilen, suwuklandyrylan gazyň ýylda müňlerçe tonnasy daşary ýurtly sarp edijilere ugradylýar. Ahal welaýatynda dünýäde ilkinji tebigy gazdan benzin öndürýän zawod işe girizildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisi guruldy.