TDHÇMB-niň söwdalarynda nebit önümleri geleşikleriň özenini düzdi
20.02.24 - 15:05Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy.
2024-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň özüş depgini 6,3% boldy
19.02.24 - 16:24Toplumlaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, Türkmenistanda jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edilip, ol 6,3 göterim artdy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň ilkinji aýynyň makroykdysady görkezijileri barada 16-njy fewralda geçirilen Hökümet mejlisinde beren hasabatynda belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti: ýanwar aýynda düýpli maýa goýumlar 24,6% artdy
19.02.24 - 16:242024-nji ýylyň ýanwar aýynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ýurdumyz boýunça özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 24,6 göterim artdy. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň pudaklary tarapyndan şu ýylyň ýanwarynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Hökümet mejlisinde belledi.
Tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
19.02.24 - 06:18«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň, ilkinji partiýa guramasynyň, şeýle hem zenanlar guramasynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy hem-de 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli utgaşykly çäre geçirildi. Oňa toplumyň edara-kärhanalarynyň işgärleri we hünärmenleri gatnaşdylar.
Ýanwar aýynyň jemlerine garaldy
19.02.24 - 06:14Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 16-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda işiniň netijelerine garaldy
17.02.24 - 14:2916-njy fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary tarapyndan şu ýylyň ýanwarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem döwlet durmuşynyň käbir möhüm meselelerine garaldy.
Nebitgaz toplumynda ýylyň jemlerine garaldy
16.02.24 - 12:05Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly diýen şygar astynda geçen 2023-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 9-njy fewralynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek boýunça alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
BMG ÝYK-nyň wekilleri bilen Türkmenistanyň DIM-inde Ählumumy metan forumyna taýýarlyk maslahatlaşyldy
16.02.24 - 10:0815-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (BMG ÝYK) Durnukly energetika bölüminiň direktory Dario Liguti bilen geçiren duşuşygynda Ählumumy metan forumyna taýýarlyk meseleleri maslahatlaşyldy diýip, türkmen daşary syýasat edarasy habar berýär.
Türkmenistanyň we Gruziýanyň wekilleri hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar
16.02.24 - 10:0815-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammedurdyýewiň we Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Hwtisiaşwiliniň gatnaşmagynda geçirilen türkmen-gruzin syýasy geňeşmelerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy.
Türkmenistan bütindünýä energetika howpsuzlygy pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça Bileleşigiň döredilmegini teklip edýär
15.02.24 - 15:06Türkmenistan gyzyklanýan ýurtlaryň hökümetlerine bütindünýä energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça Bileleşik döretmegi teklip etdi. Bu barada Dubaýda bolup geçen Bütindünýä hökümet sammitinde Türkmenistanyň wise-premýeri we daşary işler ministri R.Meredow yglan etdi.
Türkmenistanyň wekiliýeti ABŞ-nyň Döwlet Departamentinde hyzmatdaşlygyň ýollaryny maslahatlaşdy
15.02.24 - 15:05Türkmenistanyň wekiliýeti ABŞ-nyň Döwlet departamentinde Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň orunbasary, ilçi Jon Pommerşaým bilen geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti «Leonardo S.p.A.» italýan holdinginiň ýolbaşçysyny kabul etdi
14.02.24 - 15:48Prezident Serdar Berdimuhamedow “Leonardo S.p.A.” italýan kompaniýasynyň ýolbaşçysy Stefano Pontekorwony kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistan we BMG-niň ÝYK energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar
14.02.24 - 15:49Sişenbe güni Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda ugurdaş ministrlikleriň we edaralaryň, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň wekilleriniň Aşgabatda iş sapary bilen gelen BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň durnukly energetika bölüminiň direktory Dario Liguti bilen duşuşygy geçirildi.
Türkmenistanyň wekiliýeti Abu-Dabide hyzmatdaşlygyň, şol sanda gaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy
14.02.24 - 04:44Türkmenistanyň wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň çäklerinde Abu-Dabide Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise Prezidenti, Premýer-ministriň orunbasary, Prezidentiň Diwanynyň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň we BAE-niň wekilleri energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ösdürmek meselelerini maslahatlaşdy
14.02.24 - 04:45Türkmenistanyň wekiliýetiniň Bütindünýä hökümet sammitine (WGS 2024) gatnaşmagynyň çäklerinde Daşary işler ministri R.Meredow bilen Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA) Baş direktorynyň orunbasary Gauri Singhiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.