Halkara nebit we gaz uniwersitetinde nebitgaz pudagy üçin täze nesil hünärmenler taýýarlanylýar

Halkara nebit we gaz uniwersitetinde nebitgaz pudagy üçin täze nesil hünärmenler taýýarlanylýar

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde häzirki zaman nebitgaz pudagynyň talaplaryndan ugur almak bilen işlenip taýýarlanan 5.37.04.33 «Nebitgaz pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy» taýýarlyk ugry boýunça täze magistrlik maksatnamasynda okuw sapaklary başlandy.

Täze magistrlik maksatnamasy ýokary okuw jaýynyň Ýewropa Bileleşiginiň Erasmus+ maksatnamasynyň halkara taslamalaryna gatnaşmagynyň möhüm netijeleriniň biridir.

Magistrantlaryň birinji topary 5.37.04.33-01 «Nebitgaz pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy (ESG strategiýalary)» ýöriteleşmesi boýunça bilim alýar. Bu ýöriteleşme Erasmus+ maksatnamasynyň ESGCA – «Bridging Environmental Concerns, Societal Needs and Good Governance in Central Asian Education and Employment Sectors» taslamasynyň çäklerinde işlenip taýýarlanyldy. Ýöriteleşme nebitgaz kärhanalarynyň işinde ekologik, durmuş we dolandyryş ugurlary boýunça häzirki zaman çemeleşmelerini ulanmagy, ekologik we durmuş töwekgelçiliklerini bahalandyrmagy, korporatiw dolandyryşy kämilleşdirmegi hem-de jogapkärçilikli dolandyryş ýörelgelerini ornaşdyrmagy başarýan hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir.

Magistrantlaryň ikinji topary bolsa 5.37.04.33-02 «Nebitgaz pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy (Nebitgaz pudagynyň durnukly ösüşi)» ýöriteleşmesi boýunça bilim alýar. Bu ýöriteleşme Erasmus+ maksatnamasynyň GDCAU – «Green Deal for Central Asian Universities»/Merkezi Aziýanyň uniwersitetleri üçin ýaşyl ylalaşyk taslamasynyň çäklerinde işlenip taýýarlanan çemeleşmeler we okuw netijeleri esasynda döredildi. Ýöriteleşme nebitgaz pudagynyň uzak möhletleýin durnukly ösüşi, tebigy serişdelerinden netijeli peýdalanmak, daşky gurşawa täsiri azaltmak, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de «ýaşyl» ykdysadyýet ýörelgelerini pudagyň ösüşine ornaşdyrmak boýunça döwrebap bilimleri we başarnyklary bermäge gönükdirilendir.

Ilkinji amaly sapaklaryň dowamynda magistrantlar okuw işiniň guralyşy we amaly taýýarlygyň aýratynlyklary bilen tanyşdylar. Okuw işinde amaly ugurly taýýarlyga, seljeriş we ylmy-barlag başarnyklaryny ösdürmäge, şeýle hem ESG (Ykdysady, jemgyýetçilik we korporatiw dolandyryş/Environmental, Social, and Governance) we durnukly ösüş boýunça häzirki zaman halkara çemeleşmelerini ulanmaklyga aýratyn üns berilýär.

5.37.04.33 «Nebitgaz pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy» taýýarlyk ugry boýunça täze magistrlik maksatnamasy uniwersitetde 2026–2027-nji okuw ýylynda işe girizildi. Kabul ediş synaglarynyň netijesinde magistrlik maksatnamasyna 50 sany dalaşgär okuwa kabul edildi. Bu barada  https://turkmennebit.gov.tm  saýtynda habar berilýär.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993