Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýa bilen hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmäge ynam bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýa bilen hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmäge ynam bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň ýolbaşçylygyna milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli iberen gutlag hatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi diýip, 31-nji awgustda TDH habar berýär.

Türkmenistanda Malaýziýa bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini we olary özara hormat goýmak, ynanyşmak hem-de deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini nygtap, Serdar Berdimuhamedow bu gatnaşyklaryň geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine we berkidiljekdigine ynam bildirdi.

«Döwlet Baştutany ýakyn wagtda Aşgabatda Premýer-ministr Anwar Ibrahim bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de berkitmäge bolan özara ymtylyşyň ýene bir gezek tassyklanandygyny, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek we çuňlaşdyrmak boýunça wajyp kararlaryň kabul edilendigini nygtady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministriniň resmi saparynyň netijeleriniň halklarymyzyň bähbitlerine hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Belläp geçsek, şu ýylyň iýul aýynda Aşgabatda geçirilen türkmen-malaýziýa gepleşikleriniň netijeleri boýunça nebitgaz, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada resminamalar toplumyna gol çekildi.

Olaryň arasynda: «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «Petronas Carigali (Turkmenistan) Sdn. Bhd.» kompaniýasynyň arasynda önümi paýlaşmak hakynda şertnama we seýsmiki işleri geçirmek barada ylalaşyk, «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Petronas Carigali International Ventures Sdn. Bhd.» kompaniýasynyň arasynda täze taslamalar boýunça ylalaşyk bar. Türkmenistanyň we Malaýziýanyň Hökümetleriniň arasynda bolsa howa gatnaşyklary hakynda ylalaşyga gol çekildi.

Mundan başga-da, ýurtlar geljekde Malaýziýanyň öňdebaryjy tehnologiýalaryna eýe bolan emeli aň, sanlaşdyrmak we ýarymgeçirijileri öndürmek ulgamlarynda taslamalary amala aşyrmagy maksat edinýärler.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993