28-nji awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň desgalarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gaýtadan işleýän senagaty döwrebap derejede ösdürmek hem-de önümçilik desgalarynyň kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu babatda konserniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň tehnologik desgalaryny elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek üçin zerur çäreler görülýär.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny ösdürmek hem-de önümçilik desgalarynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi.
Döwlet Baştutany Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň desgalarynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek boýunça teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.