Gahryman Arkadagymyz Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň barşyny maslahatlaşdy
14:39 11.08.2026 76
10-njy awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyryp, Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradar bilen gepleşikleri geçirdi. Bu barada TDH habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi hem-de onuň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisi türkmen-owgan hoşniýetli goňşuçylygynyň nyşany hökmünde taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar.
Uzynlygy 153 kilometre barabar bolan bu möhüm bölegiň gurluşygyna 2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda başlandy. «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan alnyp barylýan gurluşyk işlerine türkmen hünärmenleriniň 700-e golaýy we ýörite tehnikalaryň 300-den gowragy gatnaşýar. Turbalary we enjamlary satyn almak boýunça onlarça halkara şertnamalar baglaşyldy.
Şeýle hem, häzirki wagtda giň gerimli TOPH taslamasynyň bu möhüm böleginiň gurluşygyny üstünlikli tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Bu maksatlar üçin Gahryman Arkadagymyzyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň goldawy bilen satyn alnan häzirki zaman ýörite tehnikalary ulanylýar.
Şunda gurluşykçylaryň önjeýli zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredilýär, bu bolsa işleriň öz wagtynda we ýokary hilli berjaý edilmeginiň aýrylmaz şerti bolup durýar.
Gepleşikleriň barşynda taraplar ulag, elektroenergetika we aragatnaşyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Abdul Gani Baradar bu taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň Owganystanyň ilaty üçin energiýa çeşmeleri babatda uly ýeňillikleri, täze iş orunlaryny döretjekdigini, owganystanly maýa goýujylara tebigy gazdan elektrik energiýasyny öndürmek üçin amatly maýa goýum şertlerini üpjün etjekdigini aýtdy.
Ol TOPH taslamasy bilen baglanyşykly işleri has-da ilerletmek maksady bilen, iki ýurduň degişli edaralarynyň arasynda yzygiderli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin bilelikdäki guraly döretmegiň zerurdygyny belläp, Owganystanyň gaz pudagynda işlejek hünärmenleri taýýarlamakda Türkmenistanyň tejribesini öwrenmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Duşuşygyň netijesi boýunça «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Owganystanyň «Afghan Gas» döwlet korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Bu resminama iki ýurduň gaz pudagyndaky gatnaşyklarynda täze sahypany açýar. Ähtnama esasynda taraplar Hyrat welaýatynda gaz infrastrukturasyny döretmek, senagat kärhanalary, elektrik stansiýalary we ilaty türkmen gazy bilen üpjün etmek boýunça bilelikde iş alyp barmak barada ylalaşdylar.
Birža söwdalarynda içerki we daşaky bazarlara polipropilen ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy.
Özbegistanyň energetika ministri OGT – 2024 halkara forumyna gatnaşar
Özbegistanyň energetika ministri Žurabek Mirzamahmudow 23-25-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2024” (OGT 2024) halkara maslahatyna hormatly myhman hökmünde gatnaşar. Ol “Ählumumy energetika bazarynyň täze ugurlary we özara bähbitli hyzmatdaşlyk” atly umumy mejlisde çykyş eder diýip, forumyň guramaçylary habar berýär.
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Pakistanyň Prezidenti bilen energetika we ulag ulgamyndaky taslamalary maslahatlaşdy
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň arasynda geçirilen duşuşykda energetika we ulag ulgamyndaky taslamalar boýunça işleri işjeňleşdirmegiň ähmiýeti barada gürrüň edildi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda aýdylýar.
Hyzmatdaşlyk arkaly ösüş Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň esasy mazmunyny kesgitlär
Ýene sanlyja günden Türkmenistan BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny — dürli yklymlarda ýerleşýän 32 döwletde ýaşaýan 570 milliondan gowrak adamyň durmuşyndaky özgertmeler bilen baglanyşykly dünýä ähmiýetli çäräni kabul eder.
BMG-niň Baş sekretary halkara maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi
3-nji awgustda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Hazaryň kenarynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza geldi diýip, TDH habar berýär.