Hazar deňzinde nebitiň dökülmegine we ýangyna garşy göreş çäreleri iş ýüzünde synagdan geçirildi

13:57 31.07.2026 150

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/17498/original-16a6c630ef420d.png

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy Hazar deňziniň türkmen böleginde nebitgaz gazyp çykarýan platformalarda we beýleki dürli maksatly desgalarda tehnogen heläkçilikleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça toplumlaýyn türgenleşik okuwlaryny geçirdi. Toplumlaýyn türgenleşik okuwlary Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň 2026-njy ýylyň iş meýilnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen guraldy.

- Hazar deňzinde ýüze çykyp biljek tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlarda ýerine ýetirilmeli hereketleri aýdyňlaşdyrmak;

- Raýat goranyşynyň we adatdan daşary ýagdaýlaryň gulluklarynyň özara sazlaşykly hereketleriniň meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegini gazanmak;

- Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda çekiljek güýçleri we serişdeleri takyklamak hem-de olaryň herketleriniň galjaňlygyny gazanmak;

- Toplumlaýyn türgenleşik okuwyna gatnaşýan Raýat goranyşyň we adatdan daşary ýagdaýlaryň gulluklarynyň özara bilelikdäki sazlaşykly hereketlerini kämilleşdirmegi gazanmak.

Toplumlaýyn türgenleşik okuwy üç tapgyrda geçirildi. Türgenleşik okuwynyň meýilnamasyna laýyklykda Türkmenbaşy şäherinde Hazar deňziniň türkmen böleginde gurnalan nebit-gaz gazyp çykarýan «Jygalybeg» käniniň «Ždanow-A» platformasynda nebit dökülmesi ýüze çykýar. Hadysa barada Türkmenbaşy Halkara deňiz portundaky «Gämi dolandyryş merkezi» binasyndaky operator habary kabul edip Raýat goranyşyň we adatdan daşary ýagdaýlaryň gulluklaryna dessin habar berýär.

Ýüze çykan adatdan daşary ýagdaýlaryň ýaramaz netijelerini aradan aýyrmak we olaryň zyýanlaryny peseltmek boýunça Raýat goranyşynyň ýolbaşçy düzümleri Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň dolandyryş merkezine ýygnanyşýarlar we anyk wezipeler kesgitlenýär hem-de degişli çözgütler kabul edilýär. Meýilnama boýunça gulluklar hem-de edara-kärhanalar tarapyndan çekiljek güýçler we serişdeler boýunça hasabatlar gözden geçirilýär.

Çözgütler kabul edilýän döwründe platformada dörän ýangyny we deňziň nebit bilen hapalanan meýdanyny anyklamak we hasaba almak üçin deňizde ýörite tirkeg gämisi bilen Hazar ekologiýa gözegçilik gullugynyň işgärleri hadysanyň dörän ýerinde aňtaw gözegçilik işlerini geçirýär we hadysanyň dörän ýerindäki deňiz giňişliginde suwuň hilini barlamak üçin synaglary alýarlar. Degişli çözgütler kabul edilen badyna hadysanyň dörän koordinatasyna deňizde çekilýän güýçler we serişdeler Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Deňizde awariýa halas ediş gullugy bilen bilelikde wezipä girişýärler we hadysanyň dörän ýerinde deňiz giňişligine dökülen nebiti ýygnamak üçin bon germewleri gurnalýar.

Adatdan daşary ýagdaýlaryň ýaramaz netijelerini aradan aýyrmak we zyýanyny ýok etmek boýunça Raýat goranyşynyň başlygy ýolbaşçy düzümden geçirilen abatlaýyş-bejeriş, dikeldiş işleri barada maglumatlary anyklaýar, hasabatlary kabul edýär we ýetirilen ýitginiň möçberini anyklaýar we Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky Döwlet toparyna hasabat we teklipleri berýär.

Geçirilen toplumlaýyn türgenleşik okuwy boýunça Raýat goranyşynyň başlygy tarapyndan Hazar deňzinde ýüze çykyp biljek tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlarda ýerine ýetirmeli hereketleri anyklamak we çözgütleri kabul etmek boýunça «Taýýar» diýilip ýokary baha berildi (https://turkmennebit.gov.tm).

Başga makalalar
16887b224a406d.jpg
«Ýaşyl» başlangyçlar — rowaç geljegiň binýady

«Ýaşyl» ykdysadyýet — bu durnuklylyk ýörelgelerine esaslanýan we daşky gurşawa ýetýän täsiri azaltmaga, çäklendirilmedik ykdysady ösüşde çäkli tebigy çeşmeleri ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga we durmuş taýdan deňligi öňe sürmäge çalyşýan ykdysady ösüş çemeleşmesidir. «Ýaşyl» ykdysadyýete geçiş daşky gurşawa zyýan bermezden, uzak möhletli ykdysady ösüşi gazanmagy maksat edinýär. Gün tertibi — 2030-a ýetmekde «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek esasy ýolgörkeziji bolup durýar.


16887b1e7179b7.jpg
Abatlaýjylaryň üstünlikleri

Berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatyny ýylsaýyn täze belentliklere götermekde we ýeriň jümmüşinden alynýan uglewodorod çig mallarynyň möçberlerini artdyrmakda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň Balkan welaýatyndaky guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleri netijeli işleri amala aşyrýarlar.


16234186000918.jpeg
Daşary ýurt döwletleriniň Liderleri Serdar Berdimuhamedowy öz ýurtlaryna sapar bilen gelmäge çagyrýar

Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň Liderleri hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy öz ýurtlaryna sapar bilen gelmäge çagyrýarlar.


16237fe77f2050.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi

2022-nji ýylyň 19-njy marty aýratyn ähmiýetli taryhy waka hökmünde özygtyýarly Türkmen döwletiniň ýyl ýazgysyna girdi. Paýtagtymyzyň Ruhyýet Köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli geçirilen dabara, şeýle hem bu wakanyň öňýanynda geçirilen saýlawlar türkmen halkynyň mizemez jebisligini, onuň jöwher paýhasyny we ýaş nesle bildirýän ynamyny nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.


16232e0501da57.jpeg
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Hytaý bilen hyzmatdaşlygynyň ösdürmäge taýýar

Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen telefon arkaly söhbetdeşliginde Hytaý bilen köpugurly gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmäge taýýarlygynyny ynandyrdy diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.