«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatynda ýerleşýän Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) ekologiki taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply önümleriň giň toplumy öndürilýär.
2026-njy ýylyň başyndan bäri toplum tarapyndan nebiti gaýtadan işlemek boýunça meýilnama üstünlikli ýerine ýetirilip, 104,9 göterime deň boldy. Benzin, şeýle hem dizel ýangyjyny öndürmek boýunça meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi degişlilikde 113,7 we 108,7 göterimi düzdi. Ýag öndürmek boýunça meýilnama 110,3 göterim, suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça bolsa 122,1 göterim ýerine ýetirildi. Tebigy we ugurdaş gazy çykarmakda hem gowy görkezijiler gazanylyp, degişli meýilnama 106,7 göterim ýerine ýetirildi.
Uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemegiň geriminiň ösmegine toplumyň maddy-tehniki binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, kuwwatly gazturbina elektrik stansiýalarynyň işe girizilmegi we hereket edýän desgalaryň düýpli döwrebaplaşdyrylmagy ýardam berdi.
TNGIZT-de önümçilik meýilnamalary häzirki zaman tehnologiýalarynyň, innowasion usullaryň we sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň ulanylmagy netijesinde üstünlikli berjaý edilýär. Bularyň hemmesi nebiti gaýtadan işleýjileriň nebit önümleriniň möçberini artdyrmakda ýokary sepgitlere ýetmegine şert döredýär.
Ýurdumyzyň nebiti gaýtadan işleýän senagatynyň baýdagy bolan bu kärhanada gysga we uzak möhletli geljege gönükdirilen taslamalar kuwwatly önümçilik düzümleriniň ynamly ösmegini üpjün edýär. Bütindünýä hil ülňülerine laýyk gelýän ýokary liwiddli, bäsdeşlige ukyply önümlere bolan isleg içerki we daşarky bazarlarda barha artýar diýip, www.turkmennebit.gov.tm saýtynda habar berilýär.