Türkmenistan sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmekde YHG-nyň çäklerinde energetika dialogyny öňe sürýär
10:13 21.05.2026 235
Türkmenistanyň wekiliýeti 17-nji maýda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Sebit Meýilleşdiriş Geňeşiniň (SMG) 36-njy mejlisine gatnaşdy. Çäre gibrid görnüşinde guralyp, ol Pakistan Yslam Respublikasynyň başlyklyk etmeginde 2026-njy ýylyň 20-nji maýyna çenli dowam eder.
Duşuşyk «Durnukly YHG üçin sebitleýin galkyndyrmak» şygary astynda geçdi we Gurama agza döwletleriň wekiliýet ýolbaşçylaryny SMG-nyň 35-nji mejlisiniň kararlarynyň durmuşa geçirilişiniň barşyny ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem 2026-njy ýyl üçin Iş maksatnamasyny we Çäreleriň senenamasyny tassyklamak üçin ýygnady.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça ýurdumyzyň esasy garaýyşlaryny beýan etdi. Ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda şular bar: ulag-logistika integrasiýasyny çuňlaşdyrmak; energetika dialogyny öňe sürmek; söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek; ynsanperwer gatnaşyklary berkitmek.
Çykyşda Aziýa we Ýewropa sebitlerini birleşdirýän üstaşyr geçelgeleriniň möhüm halkasy hökmünde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Türkmen tarapy, şeýle hem «Gündogar–Günbatar» we «Demirgazyk–Günorta» geçelgelerini has-da ösdürmäge, multimodal düzümleri döretmäge we sebitiň logistika mümkinçiliklerini giňeltmäge goldaw bildirdi.
Ekologik gün tertibiniň nukdaýnazarynda Türkmenistanyň wekiliýeti energiýa üpjünçiliginiň marşrutlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň, ygtybarly we durnukly energetika howpsuzlygyny üpjün etmegiň, şeýle hem döwrebap energiýa netijeli tehnologiýalaryny we «ýaşyl» ösüş ýörelgelerini ornaşdyrmagyň möhümdigini belledi.
Türkmenistan 2035-nji ýyla çenli ykdysady hyzmatdaşlygyň Strategik maksatlarynyň üstünde alnyp barylýan işleri goldaýandygyny bildirdi. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz YHG-nyň işine mundan biläni hem işjeň gatnaşmaga, bilelikdäki maksatnamalaryň we başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine netijeli goşant goşmaga, şeýle-de Guramanyň halkara giňişligindäki ornuny we abraýyny berkitmäge taýýardygyny tassyklady diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Ylmy-amaly maslahat geçirildi
Ýakynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynda, Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde «Ylym-bilim geljegiň röwşen ýoly» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Türkmenistanyň wekiliýeti Russiýada halkara ykdysady forumda çykyş eder
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, wise-premýer N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Russiýa Federasiýasynda gulluk iş saparynda bolar.
AÖB durnukly ykdysadyýete “ýaşyl” geçişde Türkmenistany goldar
Aziýa ösüş banky hereketlendiriji güýji innowasion hususy telekeçilik bolan bäsdeşlige ukyply, diwersifisirlenen we ylmy bilimlere esaslanýan ykdysadyýete gönükdirilen Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň täze strategiýasyny işe girizdi diýip, bankyň sebitleýin edarasy habar berdi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşarky we içerki bazarlara nebithimiýa önümleri ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 48-si hasaba alyndy.
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy
“Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda geçýän ýylyň bahar paslynyň ilkinji gününde nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna sowgat eden «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.