TDHÇMB-niň söwdalarynda binýatlyk ýag, polipropilen we peç ýangyjy satyldy

10:29 03.03.2026 2197

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/16431/original-169a670816c9d8.png

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi, «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy satyn aldylar. Mundan başga-da, Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine nah ýüplük, dokma önümleri, ýoduň spirtli ergini ýerlenildi.

Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 12 million 258 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 44 million 302 müň manatdan gowrak bolan binýatlyk ýagy, polipropileni, peç ýangyjyny («Türkmennebit» döwlet konserni), gazbeton bloklaryny, bugdaý ununy, nah ýüplügi satyn aldylar.

Başga makalalar
166f2b187bec3a.jpg
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň esasy aýratynlyklaryny belledi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ykdysady ösüş her bir ýurduň durnukly öňe gitmeginiň möhüm şertdigini aýtdy diýip, TDH habar berýär.


1652386712c91a.jpg
Yrak her ýylda Türkmenistandan 10 mlrd kub metr gaz satyn almaga taýýar

«Türkmengaz» döwlet konserni bilen Yrak Respublikasynyň Elektroenergetika ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.


168bf13b1c4cb5.jpg
Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde «ýaşyl» energetikanyň ähmiýeti

Häzirki döwürde energiýa çeşmeleri durmuş-ykdysady ösüşe ýardam bermek bilen birlikde, daşky gurşawyň abadançylygyna-da güýçli täsir edýän şertleriň biridir.


168bf135c716e6.jpg
Duşuşyk geçirildi

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda (YBTGI) «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde hukuk goraýjy edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda nebitgaz toplumynyň işgärleri bilen duşuşyk geçirildi. Oňa nebitgaz toplumynyň önümçilikleriniň zähmet köpçüligi gatnaşdy.


161dd22684609e.jpeg
Nebiti gaýtadan işlemegiň önümleri TDHÇMB-niň söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň47-si hasaba alyndy.