«Nebitgazylmytaslama» instituty: nebitgaz senagatynyň öňdebaryjy ylmy barlaglary we tehnologiýalary
15:49 19.02.2026 90
Balkanabat şäherindäki “Türkmennebit” döwlet konserniniň düzümindäki “Nebitgazylmytaslama” institutynyň alymlary we hünärmenleri Türkmenistanda nebitgaz senagatynyň ösüşine uly goşant goşýarlar.
Institutyň hünärmenleri pudagyň dürli ugurlarynda täze usullary ylmy taýdan esaslandyrmak we olaryň çözgütlerini tapmak boýunça işleri alyp barýarlar. Täze guýulary özleşdirmek bilen bir hatarda, häzirki wagtda esasy wezipeleriň biri hem köne guýularyň durnukly işlemegini üpjün etmek we olaryň öndürijiligini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Şeýle hem plast suwlarynyň akymyny çäklendirmek, gatlaklardan suwuň gelmeginiň öňüni almak, emele gelýän parafin çökündilerini has täsirli arassalamagyň usullaryny işläp taýýarlamak boýunça ylmy-barlag işleri geçirilýär. “Nebitgazylmytaslama” institutynyň ylmy işgärleri Balkan welaýatynyň çägindäki Goturdepe, Barsagelmez, Keýmir, Altyguýy, Günorta Gamyşlyja we Çeleken känlerindäki nebit guýularynda alnyp barlan şeýle işler boýunça gowy netijeleri gazandylar.
Dag jynslarynyň litokollektor we mineralogik düzümini, konstruktiw aýratynlyklaryny, haryt nebitiniň häsiýetlerini, degazasiýa tizligini, buraw we sementleýji erginleriň tehnologik görkezijilerini öwrenmek üçin täze enjamlaryň satyn alynmagy institutyň işiniň netijeliligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga ýardam eder diýip, turkmennebit.gov.tm saýtynda habar berilýär.
Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumy 2050-nji ýyla çenli Türkmenistanda gaz çykarylyşynyň iki esse artmagyny çaklaýar
Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň (GECF) Baş sekretary Muhammet Hamel Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Malaýziýada geçirilen halkara forumda (TEIF 2025) eden çykyşynda dünýäde ikinji uly gaz ýatagynyň işjeň ösdürilmegi we turba geçirijileriň giňeldilmegi bilen, Türkmenistanyň gaz çykarylyşyny 2050-nji ýyla çenli iki esse ýokarlandyryp, ýylda 150 milliard kub metre çenli ýetirip biljekdigini belledi.
Kuala-Lumpurda TEIF 2025 forumy Türkmenistana bolan gyzyklanmanyň artýandygyny görkezdi
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda geçirilen Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy TEIF 2025 öz işini tamamlady.
Türkmen geofizikleriniň netijeli işi geljegi uly nebitgaz ýataklaryny ýüze çykarmaga ýardam edýär
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 13-nji ýanwarynda Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Uzynаda» känine baryp gördi we nebitgaz toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek hem-de ýurdumyzyň baý çig mal binýadyny özleşdirmek boýunça maslahat geçirdi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzy ösdürmegiň 2052-nji ýyla çenli ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşylýar
Şu gün ýurdumyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi geçirilýär. Onuň işine Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy – hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow başlyklyk edýär.
Seýdiniň NGIZ-de bäş aýda 146 müň tonnadan gowrak nebit öndürildi
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda 2023-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda 194 müň 457 tonna nebit gaýtadan işlenildi, şolardan 146 müň 295 tonna önüm öndürildi.