Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-da 2026-njy ýylyň şygary maslahatlaşyldy
16:11 30.01.2026 2810
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at - myradyň mekany» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan "tegelek stoluň" başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.
Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, 2026-njy ýylyň şeýle atlandyrylmagy Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda taryhy waka boldy. Bu şygar ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda aýratyn many-mazmuna eýe bolýar.
Mejlisiň dowamynda bellenilişi ýaly, täze ýylyň şygary milli gymmatlyklara bolan çuňňur hormaty we Watanymyzyň geljekki ösüşiniň strategik ugurlaryny özünde jemleýär. Bedewiň syraty milli buýsanjyň, güýç-kuwwatyň we halkymyzyň ösüşe bolan ymtylmasynyň nyşanydyr. Atyň ýyndamlygy we wepalylygy bilen sazlaşýan bu şygar milli ösüş ýolumyzyň dowamatlylygyny alamatlandyrýar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli ulgamlarda, şol sanda nebitgaz toplumynda gazanylan üstünlikler halkymyzyň döredijilikli zähmetiniň aýdyň netijesidir.
Maslahata gatnaşyjylar hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan içerki we daşary syýasatyň ykdysady ösüş, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek we ilatyň durmuş-hal ýagdaýyny ýokarlandyrmak üçin mäkäm binýat bolup hyzmat edýändigini aýratyn bellediler.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurtly alyjylara awiakerosin we suwuklandyrylan gaz satyldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.
Aşgabatda halkara maslahatynda sebitara ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy
19-njy martda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahat geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti «Gazpromyň» ýolbaşçysy bilen gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
Duşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen «Gazprom» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Milleriň arasynda geçirilen duşuşykda ýangyç-energetika toplumy ulgamynda mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň energetika ministri bilen energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy
19-njy martda Prezident Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktary kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
«Türkmennebit» DK «KING EASE LIMITED» (HHR) kompaniýasyndan buraw turbalaryny satyn alar
“Türkmennebit” döwlet konsernine 2309 tonna dürli ölçegli buraw turbalaryny satyn almak barada Hytaý Halk Respublikasynyň “KING EASE LIMITED” kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.