15fead48dc819a.png
Nebitgaz toplumy: «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň rowaçly menzilleri
29.12.20 - 17:02

Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä möçberinde uly dabaralara beslenmegi, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Esasy Kanunymyza — Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilip, Milli Parlamentiň Türkmenistanyň Milli Geňeşi, onuň kanun çykaryjy palatasynyň Mejlis, wekilçilikli palatasynyň bolsa Halk Maslahaty diýlip atlandyrylyp, iki palataly ulgama geçilmegi «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň esasy wakalary boldy.


15fe195ff80d81.png
Sag başym — soltan başym
22.12.20 - 16:45

Saglyk her bir adamyň başynyň täjine deňeýän iň gymmatly baýlygydyr, ynsan durmuşynyň bezegidir. Şol baýlykdyr bezegden serpaýly kişiler elmydama özlerini ruhubelent, bagtyýar duýýarlar. Ýurdumyzyň ähli künjeginde gurlan we gurulýan döwrebap, iň kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen anyklaýyş-bejeriş merkezleridir hassahanalar-da, melhem suwly şypahanalardyr arassa agyz suwy zawodlary-da bir maksada — ähli raýatlarymyzyň sagdyn hem-de ruhubelent ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.


15fe1957e28fd7.png
Täze ýylyň buşlukçysy nur saçýar
22.12.20 - 16:43

Tamamlanyp barýan «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyny uly üstünliklere beslän halkymyz täze 2021-nji ýyly garşylaýar. Geçen hepdede paýtagtymyz Aşgabatda we ýurdumyzyň ähli sebitlerinde hemmeleriň sabyrsyzlyk bilen garaşýan ýagşy umytlaryň we arzuwlaryň baýramy bolan Täze ýylyň baýramçylyk dabaralaryna badalga berildi.


15fe19500ea9be.png
CNPC — Türkmenistanyň ygtybarly we uzakmöhletli hyzmatdaşy
22.12.20 - 16:41

Dünýäniň iri kompaniýalarynyň sanawynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) 2002-nji ýyldan bäri Türkmenistanda üstünlikli işleýär. 2017-nji ýylyň sentýabryndan başlap jenap Li Şulýan «CNPC International Turkmenistan» kompaniýasynyň baş direktory bolup durýar. «NEBIT-GAZ» gazetiniň baş redaktory jenap Li Şulýan bilen söhbetdeş boldy, şol söhbetdeşligi okyjylarymyza hödürleýäris.


15fe1949172201.png
Parahatçylygyň we abadançylygyň ýyly zähmet üstünlikleri bilen jemlenilýär
22.12.20 - 16:39

«Türkmennebit» döwlet konserniniň ýurdumyzyň günbatar sebitinde iş alyp barýan «Galkynyşnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň türkmen Diýarynda nebit çykarylmagyň taryhynda öz mynasyp orny bar. Çünki türkmen topragynyň genji-käni bolan «gara altyny» çykarmak we onuň goňşy ýurtlar bilen söwdasyny ýola goýmak hut şu bereketli künjekden başlanýar.


15fe193bc06424.png
Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ykdysady taýdan amatlydyr
22.12.20 - 16:35

Häzirki döwürde dünýäde energiýa durnuklylygynyň üpjün edilmegi gaýtadan dikeldilýän energiýa serişdeleriniň ösdürilmegi bilen berk baglanyşykly bolup durýar. Hut şonuň üçin-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda bu babatda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan işlere uly üns berilýär.


15fe1933d587b1.png
Jemgyýetçilik-syýasy guramalaryň wezipeleri kesgitlenildi
22.12.20 - 16:33

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň işi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de öňde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi.


15fe192d893998.png
Nebitgaz toplumy: polimerlere bolan isleg we maýa goýumlary artýar
22.12.20 - 16:31

Wideoaragatnaşyk boýunça geçiren iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumyny ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça möhüm wezipeleriň birnäçesini kesgitledi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň energetika syýasatynyň baş maksady baý tebigy serişdelerimizi has netijeli peýdalanmak bilen nebitgaz toplumynyň durnukly ösüşini üpjün etmekde, milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyny artdyrmak üçin önümçilik we ylmy-tehniki mümkinçilikleri giňeltmekde jemlenýär.


15fe19241a1b36.png
Türkmenistan hyzmatdaşlygyň täze hilini üpjün etmek ugrunda çykyş edýär
22.12.20 - 16:29

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň 18-nji dekabrynda bolan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň wideomaslahat görnüşinde geçirilen mejlisini ýylyň möhüm wakalarynyň hatarynda görkezmek bolar.


15fd8851f93f49.png
Gazçylaryň hyzmatynda
15.12.20 - 19:42

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň Durmuş taýdan dolandyryş edarasynyň gazçylaryň Şatlyk şäherindäki Medeniýet köşgi şäheriň ýaşaýjylarynyň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň biridir. Bu ýerde zehinli aýdymçy-sazandalaryň bir topary zähmet çekýär. Olar ýurdumyzda giňden toýlanylýan baýramçylyk günlerinde guralýan çäreleri öz aýdym-sazly çykyşlary bilen bezäp, dabara gatnaşýanlara ruhy lezzet berýärler.


15fd85071b0f05.png
Bagajada baýlyk önýär
15.12.20 - 15:58

«Gazygaýtadanişleýiş» müdirliginiň suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik edara şahamçasynyň Bagaja gaz känindäki desgalar toplumynyň başarjaň işgärleri hem Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününi mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşyladylar. Olar türkmen topragynyň jümmüşinden gazylyp alynýan tebigy gazy çuňňur gaýtadan işlemek arkaly dünýä bazarlarynda geçginli önümleri öndürmekde öwgä mynasyp işleri bitirýärler.


15fcf410848176.png
Baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynda 100 ýaş toýuny toýlaýar
08.12.20 - 19:02

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şeýle ajaýyp toýly günlerinde ýaşuly neslimiz bilen didarlaşmakdan, olar bilen bilelikde toý şatlygyny paýlaşmakdan uly bagt barmy, eýsem?! Ykbal ýollaryny külterläp, durmuşynyň ýene bir ajaýyp sahypasyny arka atan atam Hally gyjakçy «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň ak garly gyşynyň ilkinji günlerinde ömrüniň bir asyrlyk buýsançly günlerini garşylaýar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýy maşgalamyzda atamyň 100 ýaş toýy bilen goşalanyp geldi.


15fcf407ecdded.png
Goşa toýy sowgatly garşylaýarlar
08.12.20 - 18:59

«Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň «Gazawat» senagat meýdançasynyň gazçylary häzirki döwürde barha golaýlaşýan goşa senäni, ýagny hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly baýramçylygyny hem-de onuň yzysüre belleniljek Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününi mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamak ugrunda joşgunly işleýärler.


15fc5e6616576e.png
Hünärmen taýýarlygynyň ähmiýeti
01.12.20 - 16:44

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bilim ulgamynda amala aşyrylýan işleriň ählisiniň düýp özeninde, ilkinji nobatda, ýurdumyzda geljekde hem kuwwatly ösüşleri üpjün etmek üçin berk binýady emele getirmek, ylym-bilimli, lebzihalal, giň dünýägaraýyşly, sagdyn ruhly nesli terbiýeläp ýetişdirmek, hut şonuň netijesinde hem kämil derejeli hünärmenleri taýýarlamak meselesi esasy orunda durýar.


15fc5e5f880d8b.png
Gazhimiýa önümçiligi: polimerler dünýäsinde Polistirol
01.12.20 - 16:43

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatynyň mundan beýläk-de artdyrylmagyna gönükdirilen iri taslamalaryň amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biz nebitgaz toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, täze, häzirki zaman önümçiliklerini döretmegiň hasabyna onuň infrastrukturasyny giňeltmeklige ugur aldyk.