Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen-russiýa hyzmatdaşlygyny berkitmekde Putiniň goşandyny belledi
19.03.24 - 13:37Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Wladimir Putine Russiýa Federasiýasynyň Prezident saýlawlarynda ynamly gazanan ýeňşi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Wladimir Putini Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy bilen gutlady
19.03.24 - 13:37Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Wladimir Putine saýlawlarda gazanan ýeňşi we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
Ählihalk bag ekmek çäresiniň barşynda Türkmenistanda 595 müň töweregi nahal oturdyldy
18.03.24 - 09:5416-njy martda ählihalk bak ekmek dabarasynyň barşynda tutuş Türkmenistan boýunça saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzüm nahallarynyň 594 müň 892 düýbi oturdyldy. Şeýle hem seýilgähleri, tokaý zolaklaryny arassalamak, abadanlaşdyrmak işleri bilen birlikde, jemi 2 million 376 müň 204 düýp agaja ideg işleri geçirildi diýip, "Türkmenistan" gazetiniň elektron neşiri habar berýär.
Tokioda 27-nji martda Türkmen-ýapon işewürlik maslahaty geçiriler
18.03.24 - 09:5427-nji martda Tokioda geçiriljek Türkmen-ýapon kiçi we orta telekeçileriniň işewürlik maslahatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşylar. Bu barada 15-nji martda Hökümet mejlisinde habar berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça teklipleri makullady
18.03.24 - 09:53Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen-awstriýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça 15-nji martda geçirilen Hökümet mejlisinde öňe sürlen teklipleri makullady.
Nebitgaz toplumynyň düzümleri ýazky bag ekmek dabarasyna guramaçylykly gatnaşdylar
17.03.24 - 11:49Geçen şenbe güni ýurdumyzda ýazky bag ekmek möwsümine badalga berildi. Şonuň bilen bagly ähli welaýatlarymyzda, Aşgabat şäherinde we Arkadag şäherinde ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi.
“Türkmengaz” DK “mawy ýangyjyň” çykarylyşyny, şol sanda kükürtsiz gazyň çykarylyşyny artdyrmagy meýilleşdirýär
16.03.24 - 17:49“Türkmengaz” döwlet konserni tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça çäreleri görýär. Görülýän çäreler barada wise-premýer Batyr Amanow 15-nji martda geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.
Wenada Türkmenistan bilen Awstriýanyň nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri maslahatlaşyldy
15.03.24 - 13:16Wenada Awstriýanyň Federal ykdysady palatasynda türkmen wekiliýetiniň we Awstriýanyň işewür toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilen çärede nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerimaslahatlaşyldy diýip, Türkmenistan Habarlar portaly habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti ÝTÖB bilen energetika, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy
15.03.24 - 09:32Energetika, ulag, oba hojalygy, telekeçilik ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meseleleri 14-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidenti Mark Bouman bilen geçiren duşuşygynda maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.
Lebap welaýatynda mineral we sintetiki ýaglary öndürýän kärhana işe girizildi
14.03.24 - 17:02Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Aşgabat geňeşliginiň «Abadan» obasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Asuda akym» hojalyk jemgyýeti dünýäniň iň ösen döwletleriniň kämil innowasion enjamlary ornaşdyrylan awtoulaglar we beýleki tehnikalar üçin niýetlenen «Şir ýag» hil nyşanly mineral we sintetiki ýaglaryny öndürýän önümçiligi esaslandyrdy.
Türkmenistanda sement önümleriniň önümçiligi artdyrylýar
14.03.24 - 17:00Prezident Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Köýtendag etrabynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara gatnaşdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türki döwletleriň Guramasynyň bitewi ulag strategiýasyny döretmegi teklip etdi
13.03.24 - 12:45Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisinde eden çykyşynda bitewi ulag strategiýasyny döretmäge girişmegiň maksadalaýykdygyny belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow: Energetika – Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugry
13.03.24 - 12:46Energetika türki döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda 12-nji martda geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisinde eden çykyşynda belledi.
Türki döwletleriň aksakgallary söwda, ykdysadyýet, medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhümligini bellediler
13.03.24 - 18:54Türki döwletleriň ýaşululary söwda, ykdysadyýet, medeniýet, bilim, ýaşlar syýasaty we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümliginiň artýandygyny beýan etdiler. Bu barada Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi hakynda Beýanatda aýdylýar.
Aksakgallar geňeşiniň başlygy türki döwletleriň özara gatnaşyklaryny giňeltmegiň ägirt uly mümkinçiliklerini belledi
12.03.24 - 12:38Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym syýasat, ykdysadyýet, ulag, syýahatçylyk, ýaşlar syýasaty, sport, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ýaly ulgamlarda türki döwletleriň arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyna üns çekdi. Bu barada ol 11-13-nji martda Aşgabatda geçirilýän Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerindäki duşuşykda belledi.