Türkmen tebigy gazyny swap usuly arkaly Türkiýä eksport etmegiň meseleleri maslahatlaşyldy
04.03.24 - 10:59Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Prezident Rejep Taýyp Ärdogan bilen geçiren duşuşygynyň barşynda Türkiýä türkmen elektrik energiýasyny eksport etmek, dostlukly ýurda türkmen tebigy gazyny “swap” usuly arkaly ibermek bilen baglanyşykly meselelere seredildi.
Türkmenistan we Türkiýe gaz ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda resminamalara gol çekdiler
04.03.24 - 10:59Türkmenistan we Türkiýe gaz ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda resminamalara gol çekdiler diýip, ýurdumyzyň DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.
Nebitgaz toplumynda ýylyň iki aýynyň jemlerine garaldy
03.03.24 - 16:593-nji martda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 1-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hökümet mejlisinde Türkmenistanda ýangyç-energetika toplumynyň iki aýda işiniň netijelerine garaldy
02.03.24 - 11:381-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ilkinji iki aýynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Türkiýe Respublikasyna iş sapary başlandy
01.03.24 - 09:42Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak üçin, iş sapary bilen ugrady,diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Nebitiň bahalary durnukly ýagdaýda
01.03.24 - 09:40Geçen hepdede ýokary galyp, aşak düşmelerden soň, penşenbe güni söwdalaryň barşynda nebit durnukly bahasyny saklap galýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Rustam Minnihanowy doglan güni bilen gutlady
01.03.24 - 09:40Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Ylmy-amaly maslahat geçirildi
29.02.24 - 11:43Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy, şeýle-de Gündogaryň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, ylmy-amaly maslahat we sergi guraldy.
Nebitgaz toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy «Awazada» okuw maslahatyny geçirdi
29.02.24 - 05:28Şeýle at bilen Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi, «Türkmennebit» DK-nyň Kärdeşler arkalaşygynyň komiteti, TKA-nyň Balkan welaýat birleşmesi tarapyndan okuw maslahaty geçirildi.
“Gahryman Halilbeýli” tankeri türkmen nebitiniň Azerbaýjana iberilmegini üpjün eder
28.02.24 - 11:20ASCO flotyna degişli bolan “Gahryman Halilbeýli” nebitguýujy tankeri düýpli abatlaýyş işlerini geçdi we Türkmenbaşy portundan nebit daşamaga doly taýýar edildi. Häzirki zaman tehnologiýalaryň we enjamlaryň kömegi bilen ASCO-nyň “Zyh” (Zığ) gämi abatlaýyş zawodynda abatlaýyş boýunça işler geçirildi. Abatlaýyş işleri gysga wagtda hem ýokary hilli geçirildi diýip, caliber.az habar berýär.
Nebitgaz toplumynda hoşallyk maslahaty geçirildi
28.02.24 - 04:46Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň merkezi dolandyryş binasynda «Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde döwletiň we jemgyýetiň bilelikdäki tagallalarynyň ähmiýeti» atly maslahat geçirildi. Oňa nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine «Hormatly il ýaşulusy» diýen at dakyldy
27.02.24 - 12:47Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde hem-de iki doganlyk halkyň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle-de iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän syýasy, ykdysady, ylym-bilim, medeni
Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisi we türkmen-owgan işewürler maslahaty geçiriler
27.02.24 - 12:37Türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryndan, ata-babalarymyzyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, Aşgabat şäherinde owgan harytlarynyň sergisini we Türkmen-owgan işewürlik maslahatyny guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
TDHÇMB-nyň söwdalarynda bahasy ABŞ-nyň 16 million dollaryndan gowrak geleşikleriň 20-si hasaba alyndy
27.02.24 - 05:19Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.
«Talyp gözeli — 2024» atly gözellik bäsleşigi badalga aldy
26.02.24 - 10:29Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Talyp gözeli — 2024» atly gözellik bäsleşiginiň deslapky tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan bäsleşik ýylyň-ýylyna bu guralýar.