Habarlar RSS
16997f38eb44ea.jpg
Türkmenistanyň wekilleri Abu-Dabide metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça ÝUNEP-iň maslahatyna gatnaşdy
21.02.26 - 11:46

Türkmenistandan bolan wekiliýetiň düzüminde «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň wekilleri BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) «Nebitgaz pudagynda metan boýunça hyzmatdaşlyk» (OGMP) 2.0 başlangyjynyň durmuşa geçirilişine bagyşlanyp Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde geçirilen her ýylky maslahatyna gatnaşdylar.


169980c573bf2e.jpg
Türkmenistan Londonda energetika forumlarynda ileri tutulýan taslamalary hödürledi
21.02.26 - 11:44

«Türkmen Energy Forum» kompaniýasynyň wekilleri Londonda geçirilen iki halkara pudaklaýyn çärä — International Energy Week we London Energy Forum-a gatnaşdylar.


16996b992038a7.jpg
«Nebitgazylmytaslama» instituty: nebitgaz senagatynyň öňdebaryjy ylmy barlaglary we tehnologiýalary
19.02.26 - 15:49

Balkanabat şäherindäki “Türkmennebit” döwlet konserniniň düzümindäki “Nebitgazylmytaslama” institutynyň alymlary we hünärmenleri Türkmenistanda nebitgaz senagatynyň ösüşine uly goşant goşýarlar.


1699578d661f14.jpg
Mart aýynda “Türkmenistan – ÝB” ilkinji işewürlik forumy geçiriler
19.02.26 - 12:23

Şu ýylyň mart aýynda «ÝB – Türkmenistan» formatyndaky ilkinji işewürlik forumyny geçirmek meýilleşdirilýär. Orient agentliginiň habar bermegine görä, bu barada 17-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri bilen Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetiniň bilelikdäki brifinginde mälim edildi.


16994254e9c99d.jpg
“Marynebitgazgözleg” ekspedisiýasynyň hünärmenleri buraw işlerini meýilnamadan artygy bilen ýerine ýetirýärler
17.02.26 - 13:32

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Marynebitgazgözleg» ekspedisiýasy iň iri we tehnologik taýdan enjamlaşdyrylan düzüm bölümleriniň biridir. Ekspedisiýanyň işgärleri buraw işlerinde bellenilen meýilnamalardan artygy bilen öňe gidip, ýokary netijeleri gazandylar. Kärhananyň hünärmenleri 2025-nji ýylda meýilleşdirilen 10 müň 300 metr burawlama işleriniň deregine, 13 müň 99 metr möçberinde işleri ýerine ýetirip, ýokary netijeliligi görkezdiler.


16994262fb16e1.jpg
Geljekki burawçylar önümçilik tejribeligini geçýärler
17.02.26 - 13:29

"Türkmennebit" döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyplary hereket edýän desgalarda gyşky önümçilik tejribeligini geçýärler.


16992c5e4414ab.jpg
Türkmenistanda 2025-nji ýylda 76,5 mlrd kub metrden gowrak tebigy gaz we 8,4 mln tonna töweregi nebit çykaryldy
17.02.26 - 13:28

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliard 527,1 million kub metr tebigy gaz we 8 million 382,3 müň tonna nebit çykaryldy. Bu baradaky maglumatlary Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy Döwletgeldi Amanmuhammedow 13-nji fewralda geçirilen giňişleýin hökümet mejlisinde mälim etdi diýip, TDH habar berýär.


169934b834285a.jpg
Nazaryýetden tejribä tarap möhüm ädim
17.02.26 - 09:05

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde gyşky önümçilik tejribeligi, adatça, okuw ýylynyň birinji ýarymynyň ahyrynda geçirilýär.


1699068f4eab30.jpg
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda ýylyň jemlerine garaldy
14.02.26 - 17:22

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 14-nji fewralynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda geçen 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.


16990071f9ec7b.jpg
Giňişleýin Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň 2025-nji ýyl boýunça jemleri jemlenildi, 2026-njy ýyl üçin wezipeler kesgitlenildi
15.02.26 - 13:41

13-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda 2025-nji ýylda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ministrleriň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.


1698eca9c55ddf.jpg
Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň wekilleri ylmy-tehnologiki hyzmatdaşlygy berkitmek meselelerini maslahatlaşdylar
13.02.26 - 22:40

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow Türkmen-ýapon ylmy-tehnologik assosiasiýasynyň Prezidenti H.Koýnuma hem-de bu assosiasiýa bilen bilelikde iş alyp barýan ýapon kompaniýalarynyň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda türkmen-ýapon ylmy-tehnologiki hyzmatdaşlygy berkitmek meselelerini maslahatlaşdy. Bu barada 12-nji fewralda Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.


1698df932d5fc1.jpg
Türkmenistan GFR-iň kompaniýalary bilen energetika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýar
13.02.26 - 10:53

Türkmenistana ikitaraplaýyn esasda hem-de «Merkezi Aziýa – Germaniýa» formatynyň çäginde nemes kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardyr.


1698d6924134fc.jpg
Türkmenistan we Türkiýe ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlarynda strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýar
13.02.26 - 10:54

Aşgabatda 10-12-nji fewral aralygynda geçirilen Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew bilen Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Ömer Bolat duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi (THP) habar berýär.


1698c1e73ed59d.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we Türkiýäniň söwda ministri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
13.02.26 - 10:55

10-njy fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Ömer Bolaty kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.


1698aca32d07c9.jpg
Geofiziki işler Türkmenistanda uglewodorodlaryň çykarylyşynyň artmagyna ýardam edýär
10.02.26 - 21:11

"Türkmengaz" döwlet konserniniň "Türkmengeofizika" müdirliginiň Mary meýdançasyndaky guýularda geofiziki barlaglary geçirmek baradaky önümçilik-tehnologik gullugy pudagyň öňdebaryjy düzümleriniň biri bolmagynda galýar. Kärhana 2025-nji ýylyň önümçilik meýilnamasyny üstünlikli berjaý etdi: 19 million 702 müň 476 manatlyk meýilnama derek, hakykatda 20 million 720 müň 164 manatlyk geofiziki işler ýerine ýetirildi.