Energetika we ulag ulgamlarynda özara gatnaşyk – GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň gün tertibinde
24.05.24 - 13:47Şu gün, 24-nji maýda Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler. Geňeşiň agzalary Arkalaşygyň çäklerinde ileri tutulýan ykdysady gatnaşyklar babatda pikir alşarlar.
Türkmenistanda ylmy energetika maslahatynda BMG-niň we Inžener-nebitçiler jemgyýetiniň sessiýalary geçiriler
24.05.24 - 13:462024-nji ýylyň 5-6-njy iýunynda Arkadag şäherinde «Uglewodorod känlerini işläp taýýarlamagyň energetika geljegi, täze tehnologiýalary we ekologiýa jähtleri» atly Halkara ylmy maslahat (TESC-2024) geçiriler. Maslahaty “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy “Turkmen Forum” we GaffneyCline britan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guraýar.
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Baş sekretary bilen Arkalaşygyň çäklerinde özara gatnaşyklary maslahatlaşdy
23.05.24 - 17:0622-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we GDA-nyň Baş sekretary Aşgabatda geçiriljek mejlisiň gün tertibini maslahatlaşdylar
23.05.24 - 17:0722-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy.
Gurrukbil ýatagynda guýularyň öndürijiligini artdyran innowasion tehnologiýa önümçilige girizildi
23.05.24 - 17:09«Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň alymlary we Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň hünärmenleri tükenen gaz guýularynyň öndürijiligini artdyrýan innowasion tehnologiýany önümçilige üstünlikli girizdiler.
Türkmenistanyň DIM-inde Norwegiýanyň we Şwesiýanyň ilçileri bilen ÝB-niň “Global Gateway” başlangyjynyň çäklerinde gatnaşyklar maslahatlaşyldy
23.05.24 - 17:0822-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Norwegiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçisi Jon Mikal Kwistad we Şwesiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçisi Tomas Danestad bilen geçiren duşuşygynda Ýewropa Bileleşiginiň, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň «Global Gateway» başlangyjynyň çäklerinde Türkmenistan bilen Skandinaw ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Türkmenistanyň ilçisi Brýusselde Hazarüsti geçelgesi boýunça duşuşyga gatnaşdy
23.05.24 - 05:46Brýusselde ÝB-niň Global Gateway başlangyjynyň mümkinçilikleri we Hazarüsti ulag geçelgesini ulanmak mowzugy boýunça “tegelek stol” formatynda duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasyna bardy
22.05.24 - 11:2021-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna bardy hem-de goňşy ýurduň wekillerine duýgudaşlyk bildirdi. Gurbanguly Berdimuhamedow şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan etdi diýip, TDH habar berýär.
«Açyk gapylar» güni
21.05.24 - 03:30«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi 2024-nji ýylda okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary orta hünär okuw mekdebi bilen tanyşdyrmak üçin «Açyk gapylar» gününi geçirýändigini habar berýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler
21.05.24 - 11:2620-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda özara bähbitlilik, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.
TDHÇMB-niň söwdalarynda dizel ýangyjy, awiasion kerosin, nebit bitumy we mazut boýunça eksport geleşikleri baglaşyldy
21.05.24 - 11:26Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 33-si hasaba alyndy.
Türkmenistanyň ýolbaşçylary Prezident Ebrahim Raisiniň aradan çykmagy zerarly Eýranyň ýolbaşçylygyna gynanç bildirdiler
20.05.24 - 11:45Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylygyna şu ýylyň 19-njy maýynda Eýranyň Gündogar Azerbaýjan welaýatynda bolup geçen dikuçar heläkçiligi sebäpli Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdiler. Bu barada 20-nji maýda TDH habar berdi.
Türkmenistanda Konstitusiýa we Döwlet baýdagynyň güni bellenildi
20.05.24 - 11:4618-nji maýda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Aşgabatda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna hem-de ýurdumyzyň Baş baýdagyna gül goýmak dabaralary geçirildi.
Türkmenistan Atom energiýasy boýunça halkara agentlik bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýarlanýar
20.05.24 - 11:43Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Hökümet mejlisiniň barşynda Türkmenistan bilen Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň аçylyşyna gatnaşdy
20.05.24 - 11:4417-nji maýda Aşgabadyň günorta böleginde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň аçylyş dabarasy boldy.