Türkmenistanyň Prezidenti we GFR-iň Kansleri döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar
17.09.24 - 12:40Sişenbe güni Gazagystanda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçýän «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti “Merkezi Aziýa – Germaniýa” sammitine gatnaşmak üçin Gazagystana bardy
17.09.24 - 10:46Sişenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleriniň ikinji duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen bardy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti german kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17.09.24 - 12:44Astanada geçirilýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleriniň ikinji duşuşygyna gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Birža söwdalarynda daşary bazarlara “Türkmennebit” we “Türkmenhimiýa” DK-nyň önümleri ýerlenildi
16.09.24 - 10:00Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy.
Türkmenistanyň we Yragyň DIM-niň ýolbaşçylary telefon arkaly söhbetdeşlikde ýokary derejedäki saparlary maslahatlaşdylar
16.09.24 - 09:52Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Yrak Respublikasynyň daşary işler ministri Fuad Huseýniň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ýokary derejelerdäki ikitaraplaýyn saparlaryň alşylmagy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Hökümet mejlisinde “Türkmengeologiýa” DK-ny täze tehnika bilen üpjün etmek meseleleri maslahatlaşyldy
15.09.24 - 09:2613-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi diýip, TDH habar berýär.
TIF 2024 maýa goýum forumynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk hakynda 18 sany resminama gol çekildi
13.09.24 - 11:3110-11-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen TIF 2024 maýa goýum forumynyň işiniň netijeleri boýunça türkmen döwlet, hususy kärhanalary hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda 18 sany ylalaşyklara we hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamalara gol çekildi. Bu barada News Central Asia (nCa) elektron neşiri habar berýär.
Türkmenistanyň DIM-nde geçirilen brifingde ekologiýa we “ýaşyl” energetikanyň ösüşi maslahatlaşyldy
13.09.24 - 11:2812-nji sentýabrda Türkmenistanyň DIM-nde «Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini döretmek» we «Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek» boýunça brifing geçirildi diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow: Owganystan bilen giň gerimli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler açylýar
12.09.24 - 12:07Uly ähmiýetli desgalaryň düýbüniň tutulmagy we ulanmaga berilmegi bilen Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň arasynda giň gerimli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler açylýar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow energetika, ulag-kommunikasiýa we logistika desgalarynyň açylyş hem-de düýbüni tutmak dabaralaryndaky eden çykyşynda belledi.
Türkmenistan we Gazagystan gaz pudagynda hyzmatdaşlygy berkitmegi meýilleşdirýär
12.09.24 - 12:05“Türkmengaz” döwlet konserni we Gazagystanyň Energetika ministrligi gaz pudagynda hyzmatdaşlygy berkitmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.
Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi
12.09.24 - 12:0611-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömegi iberildi.
Täze infrastruktura desgalarynyň açylyş we düýbüni tutmak dabarasy geçirildi
11.09.24 - 11:1211-nji sentýabrda Türkmenistanda Owganystanyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda täze infrastruktura desgalaryny açmak we düýbüni tutmak dabaralary geçirildi. Dabaralara Prezident Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, şeýle hem Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammed Hasan Ahund gatnaşdylar diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt kompaniýalaryny ykdysadyýetiň öňdebaryjy pudaklarynda iri taslamalary durmuşa geçirmäge çagyrdy
11.09.24 - 08:43Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow daşary ýurt kompaniýalaryny ykdysadyýetimiziň nebitgaz, himiýa, energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalyk pudaklarynda durmuşa geçirilýän taslamalara gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada döwlet Baştutany 10-11-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilýän Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara sanly ulgam arkaly ýüzlenmesinde belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň DIM-niň ýolbaşçysy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
11.09.24 - 08:4310-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň daşary işler ministri Dato Seri Utama Haji Mohamad bin Haji Hasany kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň we Malaýziýanyň DIM-niň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
10.09.24 - 10:11Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Malaýziýanyň daşary işler ministri Dato Seri Utama Hajy Mohamad bin Hajy Hasanyň ýolbaşçylygyndaky Malaýziýanyň wekiliýeti bilen geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.