Türkmenistanyň Prezidenti 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetini tassyklady
02.12.24 - 11:05Prezident Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanuna gol çekdi. Resminama laýyklykda, býujet girdejiler we çykdajylar boýunça 123 798,1 mln. manat möçberde tassyklanyldy.
Birža söwdalarynda eksporta we içerki bazara ýangyç-energetika toplumynyň önümleri ýerlenildi
02.12.24 - 11:05Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy.
Türkmenistanyň Prezidenti SNGIZ-niň suw üpjünçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça teklibi goldady
30.11.24 - 06:1929-njy noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş sapary bilen Wengriýa bardy
30.11.24 - 13:4029-njy noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymyň çakylygy boýunça bu düzümiň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Wengriýa iş sapary bilen bardy.
Merkezi Aziýa ýurtlary “ýaşyl ösüşi” ilerletmek üçin Duşenbe jarnamasyny kabul etdiler
30.11.24 - 06:11Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleri 28-nji noýabrda “ýaşyl” ösüş ulgamynda sebitleýin hyzmatdaşlygyň zerurlygyny ykrar etdiler we möhüm ugurlarda, şol sanda, energetikada, sanly söwdada, sanly utgaşmada, söwda amallaryny ýönekeýleşdirmekde, maýa goýumlaryny höweslendirmekde, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde, suw serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlykda we innowasion ekoulgamlarda hyzmatdaşlygy berkitmäge borçlandylar. Bu barada BMG-niň Ýewropa Ykdysady komissiýasynyň saýtynda habar berilýär.
BAE bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ähli derejelerde görlüp-eşidilmedik ösüşi görkezýär - ilçi
30.11.24 - 08:24Birleşen Arap Emirlikleri bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar ähli derejelerde görlüp-eşidilmedik ösüşi görkezýär. Bu barada BAE-niň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Alhaý Al-Hameli BAE-niň Milli gününiň 53 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirilen kabul edişlikde belledi. Bu barada News Central Asia (nCa) neşiri habar berýär.
Türkmenabat-Türkmenbaşy demirýol magistralynyň elektrikleşdirilmegi CO2 zyňyndylaryny azaldar
30.11.24 - 08:2326-27-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahatynda Türkmenistanyň bilermenleri ulag toplumyny özgertmegiň strategiýasyny hödürlediler we ählumumy ekologiýa meselelerini çözmekde onuň ähmiýetini bellediler.
Türkmenistanda awtomobilleriň çykarýan gazlaryny azaltmak üçin serişdäniň önümçiligi başlandy
28.11.24 - 06:43Türkmenistanda ilkinji gezek awtomobilleriň çykarýan zyýanly gaz zyňyndylaryny azaltmak üçin AUS 32 sertifisirlenen serişdesiniň önümçiligi ýola goýuldy. Bu önüm dizel hereketlendirijilerde goşmaça iş suwuklygy hökmünde ulanylyp, zyýanly gaz zyňyndylarynyň daşky gurşawa bolan täsirini peseltmäge ýardam edýär diýip, ORIENT habar berýär.
“Türkmennebit” DK “Iner” HJ bilen ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça şertnama baglanyşar
28.11.24 - 06:42“Türkmennebit” döwlet konsernine Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Ruhnama köçesiniň ugrunda 4 sany 4 gatly, her biri 40 öýli ýaşaýyş jaýynyň taslamalaryny düzmek we olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
TOPH ýurtlaryň arasynda gatnaşyklary berkitmegiň we infrastrukturany ösdürmegiň guraly hökmünde
28.11.24 - 16:21Frontier Works Organization (FWO) pakistan kompaniýasynyň baş direktory TOPH taslamasynyň (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan) diňe bir strategiki turbageçiriji hökmünde däl, eýsem, Orta Aziýanyň mümkinçiliklerini açmakda we ýurtlaryň arasynda gatnaşyklary berkitmekde möhüm gural hökmünde ähmiýetini belläp geçdi.
Birža söwdalarynda ýangyç-energetika toplumynyň 42,5 mln dollarlyk önümi daşary ýurtlara ýerlenildi
27.11.24 - 06:18Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy.
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatory bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy
27.11.24 - 06:1825-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy, Montana ştatyndan senatory Stiw Deýnsi kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistan we BAE ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi maksat edinýär
26.11.24 - 10:0925-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BAE-niň wekilleri bilen geçiren duşuşyklarynda ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygyň geljegi üns merkezinde boldy diýip, TDH habar berýär.
Bakuwda COP29-da howa boýunça täze toparlaýyn maksat – 2035-nji ýyla çenli ýylda azyndan 300 mlrd dollar bölüp bermek tassyklanyldy
25.11.24 - 15:07Bakuwda BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça COP29 maslahatynda Täze kollektiwleýin mukdar maksadynyň (NCQG) jemleýji wersiýasy tassyklanyldy. Ol 2035-nji ýyla çenli her ýylda azyndan 300 milliard dollar serişdäni bölüp bermekligi göz öňünde tutýar, bu bolsa ozalky bellenen 100 milliard dollarlyk maksadyň üç esse köpelendigini aňladýar diýip, Interfaks habar berýär.
“Galkynyş” gaz käninde senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
25.11.24 - 07:03«Galkynyş» gaz känindäki 265-nji belgili ulanyş guýusyndan dürli aralykdaky gatlaklardan senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy.