Türkmenistanyň Prezidenti Trampy ABŞ-nyň prezidentligine saýlanmagy bilen gutlady
07.11.24 - 16:25Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Donald Trampa Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasynyň Bişkekde geçirilýän sammitine gatnaşar
06.11.24 - 14:56Şu gün, 6-njy noýabrda Gyrgyz Resbublikasynyň Bişkek şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) nobatdaky XI sammiti geçiriler. Sammite gurama agza döwletleriň ýolbaşçylary, şeýle-de gurama synçy döwletler bolan Türkmenistan bilen Wengriýanyň ýolbaşçylary gatnaşar diýip, Türkmenistan habarlar portaly habar berýär.
AÖB “ýaşyl” energetika geçmekde Türkmenistany goldar
05.11.24 - 16:42Aziýa ösüş bankynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň 2024-2028-nji ýyllar üçin täze hyzmatdaşlyk strategiýasynyň çäklerinde bank howa uýgunlaşmasynda we “ýaşyl” geçişde tagallalaryny jemlär. Bu barada “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy” (CIET 2024) halkara maslahatynda AÖB-niň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory Artur Andrisiak aýtdy diýip, Türkmenistan Habarlar portaly habar berýär.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz, içerki bazara polipropilen ýerlenildi
05.11.24 - 16:42Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.
Yhlaslary myrat tapýar
05.11.24 - 04:10Türkmen topragynyň ýerasty baýlyklaryny ýurdumyzyň ösüşleriniň hyzmatynda goýmak ýaly il-ýurt bähbitli işe «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň başarjaň işgärleri ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Olaryň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen dokuz aýynda çeken zähmetleri-de tüýs ýerine düşdi.
Metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça «Ýol kartasynyň» taslamasy işlenip taýýarlanyldy
04.11.24 - 11:14Türkmenistanda Ählumumy metan borçnamasynyň maksatlaryna ýetmek boýunça çäreleriň toplumy we “Ýol kartasynyň” taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 1-nji noýabrda Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi.
Aşgabatda CIET 2024 halkara sergisi we maslahaty açyldy
04.11.24 - 11:153-nji noýabrda Aşgabatda “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024” atly halkara sergi hem-de “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly maslahat öz işine başlady.
Burawlaýjylaryň zähmet üstünligi
05.11.24 - 04:15Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli energetika syýasaty netijesinde bu gün ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň esasy pudagy bolan nebitgaz ulgamy täzeçe ösüşlere eýe bolýar.
GIZ “ýaşyl” energetika geçmekde Türkmenistana goldaw berer
05.11.24 - 16:43Aşgabatda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy» (CIET 2024) halkara maslahatynda GIZ-iň Türkmenistandaky utgaşdyryjysy Ýoahim Fritz ýurdumyzyň energetika pudagyny goldamaga gönükdirilen guramanyň täze başlangyçlaryny hödürledi diýip, News Central Asia (nCa) habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmennebit” DK-nyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy barada teklibi makullady
02.11.24 - 06:281-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.
Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasynda energetika, logistika, “ýaşyl” tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy
01.11.24 - 16:13Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Filipp Merlen bilen geçirilen duşuşykda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine garaldy diýip, ýurdumyzyň DIM-i habar berýär.
Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
31.10.24 - 09:18Golaýda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen taryhy çözgütlere bagyşlanan wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti RF-niň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
31.10.24 - 13:1830-njy oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistan bilen Russiýanyň haryt dolanyşygy ýedi aýda 58% artdy
01.11.24 - 07:05Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda özara haryt dolanyşygynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2024-nji ýylyň ilkinji ýedi aýynda 58% artdy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçuk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň mejlisinde aýtdy diýip, Türkmenistan Habarlar portaly habar berýär.
Gazagystan Türkmenistan bilen gaz ulgamynda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerine garaýar
01.11.24 - 07:05Gazagystanyň «QazaqGaz» milli kompaniýasy “Türkmengaz” DK bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde birnäçe başlangyçlary öwrenýär diýip, LSM.kz saýtynda habar berilýär.