Türkmen-amerikan işewürlik forumynda özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy
18.12.24 - 14:1216-njy dekabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we ýakyn geljek üçin maksatlary kesgitlediler.
Türkmenistan we Ýaponiýa ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
18.12.24 - 14:1116-njy dekabrda Aşgabatda “Ýyldyz” otelinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 15-nji mejlisi geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Eýranyň energetika ministri bilen energetika we gaz pudagynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
17.12.24 - 10:57Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Raşid Meredow bilen Eýranyň Energetika ministri Abbas Aliabadiniň arasynda geçirilen duşuşykda energetika we gaz pudaklarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri maslahatlaşyldy diýip, türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17.12.24 - 10:5616-njy dekabr Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen-amerikan işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygyny kabul etdi
17.12.24 - 10:5516-njy dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýy kabul etdi
Nebitgazçylaryň baýramy giň gerimde bellenildi
17.12.24 - 07:00Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda nebitgaz pudagynda ýetilen sepgitler» atly dabaraly baýramçylyk maslahaty geçirildi.
Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystanyň çäginde bilelikdäki iri infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdy
16.12.24 - 11:42Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Owganystana iş saparyny amala aşyryp, bilelikde durmuşa geçirilýän iri göwrümli energetika, ulag we infrastruktura halkara taslamalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen tanyşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti: Gazagystan bilen hyzmatdaşlyk ähli ugurlarda ösdürilýär
16.12.24 - 11:44Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň doganlyk halkyna Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu bnarada TDH habar berýär.
Ylmy seljermeleriň önümçilige oňyn täsiri
17.12.24 - 04:15«Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda (YBTGI) Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli «Nebitgaz pudagynda ylmy-barlag işleriniň orny» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Kitaplaryň göwheri
17.12.24 - 04:10Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda neşir edilen «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrylyş dabarasyny Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň rektory Baýrammyrat Atamanow açyp, täze şadiwanyň ähmiýeti barada durup geçdi.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerine
14.12.24 - 06:46Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda giňden bellenilýän Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygy bellenildi
14.12.24 - 06:4129-njy dekabrda ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygy giňden bellenildi.
Türkmenistanyň we Eýranyň diplomatlary energetika hem-de ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
14.12.24 - 06:4012-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Eýranyň daşary işler ministriniň hukuk we halkara işleri boýunça orunbasary Kazem Garib-Abadiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçiren duşuşygynda energetika we ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Nebitgazçylar Şa serpaýy bilen sylaglandylar
12.12.24 - 18:01«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň merkezi binasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar bilen sylaglamak dabarasy geçirildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy
12.12.24 - 18:06Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanyldy.