Türkmenistanyň wekilleri Eýranda gaýtadan dikeldilýän energetika boýunça foruma gatnaşarlar
17.01.25 - 14:58Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri 2025-nji ýylyň maý aýynda Tähranda geçiriljek energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça giň gerimli halkara çärä gatnaşarlar. Bu barada TSTB-niň saýtynda habar berilýär.
«Oguzhan» hokkeý boýunça milli çempionaty netijeli tamamlady
17.01.25 - 06:01Geçen hepdede Türkmenistanyň hokkeý boýunça 10-njy milli çempionaty tamamlandy. Çempionatda öň 9 gezek öňdeligi eýelemegiň hötdesinden gelen «Galkan» hokkeý topary bu sapar hem ýaryşy iň ýokary netije bilen jemledi we çempionlyk derejesini 10-njy gezek ynamly ýeňişleri bilen özünde saklamagy başardy. Milli çempionatyň medallary üçin «Şir», «Oguzhan», «Nesil», «Watançy» we «Merdana» toparlary hem bäsleşdi.
Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
17.01.25 - 06:00Geçen hepdede Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa uniwersitetimiziň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Türkmenistan 2025-nji ýylda Durnukly Ösüş Maksatlaryny ilerletmek boýunça hyzmatdaşlygyň ulgamlaýyn strategiýasyny işjeňleşdirmegi teklip edýär
16.01.25 - 15:342025-nji ýylda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistan Durnukly Ösüş Maksatlaryny ilerletmek boýunça hyzmatdaşlygyň ulgamlaýyn strategiýasyny işjeňleşdirmegi teklip edýär. Bu barada Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynda aýdylýar.
Türkmenistan we Hytaý ählitaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygy ösdürmegi meýilleşdirýär
16.01.25 - 15:3415-nji ýanwarda Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler Ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler Ministriniň kömekçisi Lýu Biniň arasynda geçirilen duşuşykda hemmetaraplaýyn strategiki we uzakmöhletleýin häsiýete eýe bolan netijeli ösýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyna garaldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow Antoniu Guterrişi Aşgabatdaky Halkara foruma çagyrdy
15.01.25 - 18:21Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişi şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow we Antoniu Guterriş sebit howpsuzlygy meselelerini maslahatlaşdylar
15.01.25 - 18:20Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda 14-nji ýanwarda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Owganystan we Hazarýaka howpsuzlygy bilen bagly meseleler maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we BMG-niň Baş sekretary telefon arkaly 2025-nji ýylda özara gatnaşyklarynyň meýilnamasyny maslahatlaşdy
15.01.25 - 18:19Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde 2025-nji ýylda özara gatnaşyklaryň meýilnamalaryny maslahatlaşdylar diýip, TDH habar berýär.
Diplomatlar ulag we energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde Türkmenistanyň ornuny maslahatlaşdylar
14.01.25 - 15:29Pakistanda Strategiki barlaglar, işläp taýýarlamalar we seljeriş institutynyň (ISSRA) Milli logistika korporasiýasy (NLC) bilen bilelikde gurnamagynda geçirilen «Sebitleýin söwda we arabaglanyşyk: täze gözýetimleri we mümkinçilikleri açmak» atly halkara seminarda Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň geljegi maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.
Seýdiniň NGIZ nebit önümleriniň önümçiligini ýokary depginde saklaýar
14.01.25 - 15:28Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň 2024-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda 431,4 müň tonnadan gowrak çig mal gaýtadan işlenip, meýilnama 109,1 göterim ýerine ýetirildi.
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Kuweýt bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gyzyklanma bildirýär
13.01.25 - 12:04Türkmenistan Kuweýt bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gyzyklanma bildirýär. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha we ýurduň halkyna ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli iberen gutlagynda aýdylýar. Bu barada TDH habar berýär.
TDHÇMB-niň söwdalarynda Türkiýe ýol bitumyny satyn aldy
13.01.25 - 12:04Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy.
Nebitgaz toplumynda tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
11.01.25 - 10:19Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň merkezi dolandyryş binasynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa nebitgaz toplumynyň pudaklarynyň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti nebit pudagynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça teklibi goldady
11.01.25 - 11:3810-njy ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi diýip, TDH habar berýär.
Guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde 2025-nji ýylyň halkara çärelerine taýýarlyk maslahatlaşyldy
10.01.25 - 14:469-njy ýanwarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň hem-de Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisini geçirdi. Onda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça meseleler maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.