Türkmenistan ilatyň ýaşaýyş şertlerini hemmetaraplaýyn gowulandyrýar
14.03.25 - 14:15Abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak, Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Geçen ýyl guramanyň Ykdysady we Durmuş Geňeşi (EKOSOS) tarapyndan Türkmenistan 2025-2029-njy ýyllar aralygy üçin Durmuş ösüşi boýunça komissiýa saýlandy. Bu waka, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň we onuň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygynyň subutnamasy boldy.
Üstünlik güwänamasy Arkadag şäheriniň ekologik arassalygyny nobatdaky gezek tassyklady
14.03.25 - 07:2513-nji martda Arkadag şäherinde Hytaý Halk Respublikasynyň Hançžou Dýanszi uniwersitetiniň bu şäheriň ekologik taýdan arassalygyny alamatlandyrýan Üstünlik güwänamasynyň gowşurylmagy mynasybetli dabara geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti ÝB-niň Prezidenti Ýewropa komissary bilen ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
14.03.25 - 09:4512-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary Ýozef Sikelany kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanda keramika önümlerini öndürýän iri zawod ulanyşa girizildi
14.03.25 - 04:5512-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze desganyň — Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Ýewropa komissary bilen söwda, ulag, energetika, maýa goýum hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy
13.03.25 - 08:5712-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkmenistana sapar bilen gelen Halkara hyzmatdaşlygy boýunça Ýewropa komissary Ýozef Sikelanyň arasynda duşuşyk geçirildi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berdi.
300-e golaý wekil Aşgabatda 18-nji martdaky Halkara maýa goýum forumyna gatnaşjakdygyny tassyklady
13.03.25 - 08:58Türkmenistanyň hususy pudagyna maýa goýumlary çekmek boýunça geçiriljek Halkara forumyna («Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» – IFT 2025) taýýarlyk işleri dowam edýär. Forum 18-nji martda Aşgabatda geçiriler. 20-den gowrak ýurtdan 300-e golaý wekil foruma gatnaşjakdygyny eýýämden tassyklady.
HHR-iň kompaniýalaryna Türkmenistanyň maýa goýum mümçilikleri tanyşdyryldy
13.03.25 - 08:58Pekinde Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasynyň we Hytaýyň kärhanalary daşary ýurtlarda ösdürmek boýunça assosiasiýasynyň bilelikde guramaklarynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistana maýa goýumlaryny çekmek boýunça maslahat” atly işewürlik forumy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Birža söwdalarynda ýangyç-energetika toplumynyň önümleri BAE, Türkiýä we Owganystana ýerlenildi
11.03.25 - 15:26Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy.
19-njy martda Aşgabatda halkara maslahatynda ýangyç-energetika we ulag ulgamlarynda sebit taslamalary maslahatlaşylar
11.03.25 - 15:2719-njy martda Aşgabatda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygynyň orny” atly halkara maslahaty geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 10-njy martda DIM-niň binasynda geçirilen brifingde aýtdy.
Türkmenistanda 2025-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3% boldy
10.03.25 - 12:152025-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3%-e barabar boldy. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow 7-nji martda Hökümet mejlisinde belledi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we Gruziýanyň Premýer-ministri ulag we energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini maslahatlaşdy
11.03.25 - 15:25Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzäniň arasynda 7-nji martda geçirilen gepleşikleriň barşynda ulag we energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek mümkinçilikleri maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.
Hökümet mejlisinde nebitgaz pudagynyň işiniň 2025-nji ýylyň iki aýynyň netijeleri jemlenildi
08.03.25 - 07:067-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda geçen iki aýda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli käbir beýleki meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
Gahryman Arkadagymyz: Türkmenistan tebigy gazy ibermek meselesinde ýewropaly hyzmatdaşlar bilen ysnyşykly işleşmäge taýýar
09.03.25 - 10:47Türkmenistan tebigy gazy ibermek meselesinde ýewropaly hyzmatdaşlar bilen ysnyşykly işleşmäge taýýar diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Euronews” teleýaýlymyna söhbetdeşliginde aýtdy.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda iki aýyň jemlerine garaldy
09.03.25 - 14:249-njy martda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň geçen iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 7-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň geçen iki aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy ÝB-niň Ýokary wekili bilen «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
08.03.25 - 07:05Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň Wise-prezidenti Kaýa Kallasyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatynyň çägindäki hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.